Rehmet Seýidow
Ussat şahyr, ХХ asyryň türkmen edebiýat äleminiň lirika žanrynyň kerwenbaşysy Rehmet Seýidow 1910-njy ýylda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Akdere obasynda dünýä inýär.
Ol 3 ýaşyndaka kakasyndan, 7 ýaşyndaka ejesinden jyda düşýär. Şoňa görä-de, Rehmet çagalygyndan başlap, durmuşyň kyn güzeranly ýollaryny külterlemeli bolýar. 1925-nji ýylda hossarsyz galan çagalar bilen birlikde Rehmet hem Halaç etrap merkezindäki mekdep – internatyna okuwa kabul edilýär.
Uçursyz zehinli, ymgyr duýguly, türkmen sährasy ýaly sada ýürekli Rehmediň tebigy zehinliligi, üşükliligi hem düşbiligi, islendik tabşyrylan ýumşa jogapkärli çemeleşip, öz başarjaňlygyny görkezmegi mekdep – internatynyň terbiýeçilerdir mugallymlarynyň ünsini özüne çekýär.
Rehmet bir okuw ýylynyň içinde özünden öňki bäş ýyllap bilim alan çagalaryň geçen derslerini özleşdirip, olar bilen bilim taýdan deňleşmegi başarýar. Ol ylym-bilimi kynlyk bilen özleşdirýän synpdaşlaryna-da tijenmäge ýardam edýär. Rehmediň şeýle tutanýerliligi hem-de mugallymlaryň ýetmezçilik edýändigini göz öňünde tutulyp, ol 1926-njy ýylda Çärjew mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine (öňki Çärjew pedogogiki tehnikumy) kabul edilýär we ony 1930-njy ýylda üstünlikli tamamlaýar. 1931-nji ýylda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Boýnuzyn oba mekdebiniň müdiri wezipesinde zähmet çekýär. 1931-1935-nji ýyllarda Aşgabat mugallymçylyk institutynyň (öňki Aşgabat pedogogiki instituty) dil we edebiýat bölüminde okaýar.
1935-1937-nji ýyllarda Kerki mugallymçylyk tehnikumynyň okuw bölüminiň müdiri, 1937-1939-njy ýyllarda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň redaktory, 1939-1941-nji ýyllarda Aşgabat kinostudiýasynyň edebi ýazgylar bölüminiň müdiri, 1941-1942-nji ýyllarda «Türkmenistan» gazetiniň redaktory, 1942-1950-nji ýyllarda Türkmen habarlar agentliginiň redaktory, 1950-nji ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli, ýagny 1955-nji ýylyň 18-nji ýanwaryna çenli Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň sekretary wezipelerinde zähmet çekýär.
1930-njy ýyllarda – talyplyk döwürlerinde şahyryň ilkinji şygyrlary gazet-žurnallarda neşir edilip başlanýar.
1938-nji ýylda «Göterilen göwün», 1940-njy ýylda «Özgerýän Diýar», 1941-nji ýylda «Şygyrlar ýygyndysy», şol ýylda «Lebabyň gyzy», 1942-nji ýylda «Watançylar», 1942-nji ýylda «Ýeňişiň ýaňy», 1943-nji ýylda «Azatgül», 1944-nji ýylda «Şu gün», 1946-njy ýylda «Bahar geldi», 1956-njy ýylda «Eserler» atly şygyrlar ýygyndysy, 1962-nji ýylda «Awçy atma jereni» ýaly kitaplary, 1945-nji ýylda opera teatry üçin ýazan «Bagtyýar ýaşlyk» librettosy, 1946-njy ýylda opera teatry üçin ýazan «Bir öýde üç toý» operetta ýaly eserleri neşir edilýär.
R. Seýidow dünýä edebiýatynyň ençeme belli ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini türkmen diline terjime edýär. Şahyryň öz şygyrlary hem rus, ukrain we beýleki dillere terjime edilýär. Söz ussadynyň orta mekdepleriň okuwçylaryna niýetläp ýazan «Çala sowatlylar üçin okuw kitaby» atly okuw gollanmasy 1941-nji ýylda neşir edilýär.
2013-nji ýylda şahyryň «Rehmet Seýidow» atly goşgular we poemalar ýygyndysy Türkmen döwlet neşirýat gullygy tarapyndan neşir edildi. 2016-njy ýylyň 11-nji noýabrynda «Miras» teleýaýlymynda yzygiderli ýaýlyma berilýän «Ruhy çyragym» gepleşiginde ussat şahyryň döredijiligi we ömür ýoly barada gyzykly maglumatlar halk köpçüligine ýetirildi.
Şahyr R.Seýidowyň ýurdumyzyň medeniýetiň we sungatyň ösmegine, türkmen edebiýatynyň döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemäge goşan mynasyp goşantlary nazara alnyp, 1995-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly at bilen sylaglandy.