Meret Atahanow


Meret Atahanow
(1914-1987)



Meret Atahanow 1914-nji ýylda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ýyldyz daýhan birleşiginde doguldy. Ol başlangyç bilimi öz obasynda alýar. 1941-nji ýylda Moskwanyň teatr sungaty institutynyň režissýorlyk we kino we teatr aktýory bölümini tamamlaýar we Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda hem artist hem oýun goýujy režissýor bolup işläp başlaýar. Teatrda ençeme ululy-kiçili keşpleri ýerine ýetirdi. Özüniň ilkinji iş möwsüminde ýaş režissýor Molýeriň «Zoraýakdan lukman bolan» atly spektaklyny sahnalaşdyrýar. Uruş ýyllarynda A.Korneýçugyň «Front» atly sahna oýnuny sahnalaşdyrdy. 1946-1950-nji ýyllar aralygy teatr sungaty boýunça ýokary režissýorlyk kursuny tamamlady. Meret Atahanow ýokary bilim alan ilkinji türkmen režissýorlarynyň biridir. Soňra režissýor hökmünde M.Atahanow Aşgabadyň kinostudiýasynda işledi. 1945-nji ýylda «Jadyly dür» atly başdan geçirmeli çeper filmine režissýorlyk etdi. Bu filmde A.Garlyýew, B.Amanow, M.Kulyýewa, S.Garryýew, Ý.Hummaýew ýaly ajaýyp artistler hem çykyş etdiler. Soňra ol ýene teatra dolanýar. Ol Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatryna ýolbaşçylyk etdi. Şol ýyllarda ol bu teatrda K.Goldiniň «Täsin ýagdaý», B.Şkwarkiniň «Kesekiniň çagasy», R.Tagoeyň «Gangyň gyzy», Molýeriň «Skapeniň pyrryldagy» we beýleki sahna eserlerini sahnalaşdyrýar. Gysga wagtyň içinde Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry ýurdumyzyň welaýat teatrlarynyň içinden saýlanyp öňe çykýar.
Artist hökmünde «Ýartygulagyň başdan geçirenleri», «Japbaklar», «Ýok diýmäni başar», «Jemalyň daragty» ýaly türkmen filmlerinde surata düşdi. Ol režissýor hökmünde XX asyryň 60-njy ýyllarynda «Daşgaladaky waka», «Ýanýan arabanyň ýoly», «Ykbal», «Jigit jigit bor» atly çeper filmleri surata düşürdi. Onuň surata düşüren bu filmleri türkmen milli kino sungatynyň altyn gaznasyna girdi.
Kinorežissýor, dramaturg, artist Meret Atahanowyň eserlerindäki gahrymanlar her hili çylşyrymly, kyn pursatlara duçar bolanlarynda-da degişgenlik, wäşilik bilen baş alyp çykýarlar. Bu alamaty «Ýanýan arabanyň ýoly», «Daşgalada bolan waka», «Jadyly dür», «Säherdäki atlylar» filmlerinde duýmak kyn däl. Ol 1945-nji ýylda «Jadyly dür» atly başdan geçirmeli çeper filmi surata düşürdi. Bu filmde A.Garlyýew, B.Amanow, M.Kulyýewa, S.Garryýew, Ý.Hummaýew ýaly ajaýyp artistler hem çykyş etdiler. Meret Atahanow türkmen teatr sungatynda aýratyn zehin we ýokary bilimli hünärmen hökmünde-de özüni halka tanatmagy başaran şahsyýetdir. Ol diňe bir teatr sungatynda işlemek bilen çäklenmän eýsem ykbalyny teleýaýlymda režissýor şeýle-de kino sungatynda kinony goýujy režissýor we keşp janlandyrýan aktýor hökmünde öz zehinini ukyp-başarnygyny görkezmegi başardy.
Ol ýurdumyzyň teatr we kino sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin birnäçe hökümet sylaglary bilen sylaglanyldy. Şeýle hem oňa 1988-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakyldy.