Orazguly Annaýew


Orazguly Annaýew



«Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew 1946-njy ýylyň 18-nji awgustynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Gadyrýap obasynda dünýä inýär. Şahyr O.Annaýew oba mekdebini tamamlap, 1964-1966-njy ýyllarda Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» etrap gazetiniň habarçysy bolup işleýär. Soňra 1966-1971-nji ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, türkmen dili we edebiýaty mugallymy, filolog ugrundan ýokary bilim alýar.
O.Annaýew 1974-1977-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşinde lektor, bölüm müdiri wezipelerinde (öňki LKSMT), 1977-1981-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň hünärmeni, 1981-1991-nji ýyllarda Türkmen döwlet neşirýat komitetiniň baş redaktory wezipelerinde işleýär.1991-1992-nji ýyllarda döredijilik işinde bolýar. 1992-1995-nji ýyllarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň baş dolandyryş bölüminiň başlygy, 1995-1999-njy ýyllar aralygynda «Çap-Oraz» firmasynyň baş direktory, 1999-2002-nji ýyllarda «Başkent» bilim merkeziniň baş geňeşçisi bolup zähmet çekýär. 2002-2008-nji ýyllarda döredijilik işinde bolýar. 2008-nji ýyldan häzirki wagta çenli «Garagum» žurnalynyň bölüm müdiri wezipesinde işläp gelýär.
Şahyr Orazguly Annaýew «Synag», «Испытание», «Dymyşlyk pursaty», «Bagtymyň gözbaşy», «Öz-özüm bilen ikiçäk», «Добрый день», «Ertire çenli», «Gijigen söýgi», «Отпечаток сердца», «Žaksy kün», «Звезды земли», «Girdap», «Atamyň nesihatlary», «Kerwensaraý» «Ýaşlar zarpçy gurluşyklarynda» atly birnäçe söýlüp okalýan kitaplaryň awtorydyr. Türkmen, rus, gazak dilinde neşir edilen bu kitaplar okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.

O.Annaýew Gans Hristian Anderseniň «Ertekiler», Oljas Süleýmenowyň «Zemin, ynsana baş eg!», Geworg Eminiň «Goşgular» Şandor Radonyň «Dora lakamyna duwlanyp» atly kitaplaryny türkmen diline terjime etdi. Ol türkmen dramaturgiýasynyň ösmegine hem mynasyp goşant goşdy. O.Annaýewiň «Şapak», «Halas ediň!», «Gabanjaň gelin» atly pýesalary Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda sahnalaşdyryldy hem-de birnäçe ýyllap tomaşaçylara görkezildi. Orazguly Annaýew Maksim Gorkiý, Nikolaý Ostrowskiý adyndaky halkara edebi baýraklaryň eýesidir. Halypa şahyr 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» adyndaky bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Köp ýyllaryň dowamynda döwletimiziň, halkymyzyň öňünde bitiren halal, döredijilikli zähmeti nazara alnyp, O.Annaýewe 2012-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», 2013-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly atlar dakyldy, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medalyna mynasyp boldy.
Türkmenistanyň halk ýazyjysy O.Annaýew Russiýa Federasiýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Birleşen Arap Emirlikleri, Hindistan Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Ermenistan Respublikasy ýaly onlarça ýurtlarda bolup, türkmen edebiýatyny dünýä ýüzüne giňden wagyz etmekde köp işleri alyp bardy.
O.Annaýewiň «Altyn asyr:Türkmenistan» teleýaýlymynda ýaýlyma berilen «Bagtyýarlyk ylhamy» atly telegepleşikleri «Halypa-şägirt» ýoluny dikeltmekde, il içinden täze, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýetli boldy.