Ata Durdyýew


Ata Durdyýew
(1910-1981)



Ata Durdyýew 1910-njy ýylda Aşgabat şäheriniň Köşi obasynda eneden doguldy. Ol oba mekdebini gutaryp, Baýramalynyň pagtaçylyk tehnikumyna okuwa girýär. Şol tehnikumda hereket edýän drama gurnagyna gatnaşýar. Geljekki uly artistiň zehin, ukyp uçgunlary şol wagtlardan görnüp başlaýar.
A.Durdyýew 1929-njy ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky studiýa okuwa girýär we ony 1933-nji ýylda tamamlaýar. Ol 1929-njy ýylda Aşgabatda açylan ilkinji Türkmen döwlet drama teatrynyň artistler düzümine girýär. Onuň sungat ýolundaky ilkinji ädimi «Ýeller şäheri» diýen sahna oýnundaky Hallaryň keşbini oýnamakdan başlanýar. Bu keşp A.Durdyýewiň ilkinji ädimini hem kesgitledi, onuň geljekde oňat artist boljakdygyndan habar berdi. Ol A.Gowşudowyň «Juma» oýnunda Hudaýberen eminiň keşbini inçelik bilen açyp görkezdi. Ozal döreden sahna gahrymanlarynyň hiç birine meňzemeýän bu keşp hem Ata Durdyýewiň ussatlyk derejesiniň bir basgançagyny kesgitledi.

Ata Durdyýew gysga wagtyň içinde akademiki drama teatrynyň sahnasynda türkmen dramaturglarynyň we doganlyk halklaryñ eserleri boýunça goýlan sahna oýunlarynda dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini döredýär. Ata Durdyýew özüniň ýarym asyrlyk döredijilik ýolunda sahnada onlarça keşpleri ýerine ýetirdi. Şolaryň arasynda F.Şilleriň «Söýgi mekirligi» spektaklyndaky kätip Wurmuň keşbini ýokary derejede sünnäläp sahna çykardy. Şeýle hem artist N.W.Gogolyň «Derňewçisinde» okuw müdiri Hlopowyň keşbini diýseň içgin açyp görkezmegi başarýar. Meşhur türkmen ýazyjysy B.Kerbabaýewiň romany boýunça goýlan «Aýgytly ädimde» ol durmuşa şadyýan seredýän tagaşyksyz, degişgen Gandym aganyň keşbini döredýär. Dramaturg G.Muhtarowyň «30-njy ýyllar» atly pýesasy esasynda sahnalaşdyrylan oýunda ol artist Gylyç Berdiýew bilen bilelikde wäşiler Uzyn bilen Keltäniñ keşbini juda ýatda galyjy döretmegi başarýar. B.Amanowyň «Keýmir köründe» hem gülkünç Warryk batyryň keşbini ýerine ýetirýär. A.Ostrowskiniň «Ýazyksyz günäkärler» dramasyndaky Şmaganyň, B.Amanowyň «Kemine» oýnundaky Piriň keşbi artistiň saýlama gahrymanlarynyň biri boldy.
A.Durdyýew dürli ýyllarda teatryň sahnasynda goýlan «Derňewçide» Şpekiniň, «Keýmir-Körde» Aba Serdaryň, Ugurlyhanyň, «Iki hojaýynyň hyzmatkärinde» Silwionyň, «Otelloda» Rodrigonyň, «Lir şada» Kentiň, «Ykbalda» Gulamyň, «Zöhre-Tahyrda» Muhammet Serdaryň keşbini döretdi.
Teatr sahnasynda öçmejek yz galdyran Ata Durdyýew türkmen kino sungatynda hem birnäçe ajaýyp, özboluşly keşpleri döredýär. Artist 1939-njy ýylda kino sungaty bilen iş salyşyp başlaýar. Şol ýyl ol «Dursun» filminde surata düşdi. A.Durdyýewiň döreden edenli ýaş ýigit Nepesi diňe bir biziň ýurdumyzda däl, hatda daşary ýurtlarda-da oňat baha mynasyp bolýar. Onuň «Aýratyn tabşyrykdaky» Ybraýymy, «Çopan oglundaky» hirurg Myradowy, «Ykbaldaky» Seýitahmet işany tomaşaçylaryň aňynda galdy. Soňra artist «Gün hyzmaty», «Goja we gyzjagaz», «Tüssesiz ot bolmaz» ýaly filmlerde çykyş edýär. Onuň çeper filmlerde döreden ýatda galyjy keşpleri tomaşaçylaryň göwnünden turýar. Gahrymanlarynyň kimdigini, olaryň garaýyşlaryny, duýgularyny tomaşa ekran dili bilen düşnükli gürrüň bermegi başardy. Ol 200-den gowrak daşary ýurt filmlerine ses bermäge gatnaşýar.
Türkmen teatr we kino sungatynda bitiren işlerini göz öňünde tutup, 1951-nji ýylda A.Durdyýew SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi bolýar. 1971-nji ýylda SSSR-iň halk artisti diýen hormatly at dakylýar.