Roza Töräýewa
Roza Töräýewa 1938-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary şäherinde eneden bolýar. Roza Töräýewa 1956-1960-njy ýyllar aralygynda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde okaýar. Okuwyny tamamlandan soň, 1960-njy ýyldan başlap Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet akademiki opera we balet teatrynda opera solisti wezipesinde tä 2001-nji ýyla çenli işleýär. Ol teatrda halkymyzyň ajaýyp dessanlary esasynda goýlan sahna oýunlarynda dürli keşpleri janlandyrýar. Roza Töräýewa bu teatrda esasy solist bolup, hemme koloraturaly sopranonyň baş keşpleriniň partiýalaryny ýerine ýetirýär. Ajaýyp opera aýdymçysy we konsert ýerine ýetirijisi Roza Töräýewanyň zähmete çydamlylygy, zehini, ussatlygy oňa şöhrat getirdi. Ol teatryň sahnasynda ilki-ilkiler onçakly uly bolmadyk partiýalary ýerine ýetirdi. D.Öwezowyň «Aýna» operasynda Bibiniň, Ý.Meýtus bilen D.Öwezowyň «Leýli-Mejnun» operasynda Leýliniň boýdaşy Maralyň keşplerinde çykyş etdi. Birneme wagt geçenden soň, R.Töräýewa uly keşpleri ynanyp başladylar. Ol P.I.Çaýkowskiniň «Garahal gyz» atly operasynda Prilepanyň keşbini ýerine ýetirdi. Soňra gruzin kompozitory Dolidzäniň «Keto we Kote» operasyndaky baş gahryman Ketonyň gülküli keşbini döretdi.
R.Töräýewa 1966-njy ýylda sahnalaşdyrylan Ž.Werdiniň «Trawaiata» operasynda iň kyn hasaplanýan Wiolettanyň partiýasyny ýerine ýetirdi.
Roza Töräýewa milli spektakllaryň hemmesinde esasy we baş partiýalary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Ol «Zöhre we Tahyr» operasynda Gülkamaryň, Gülragnanyň, «Şasenem-Garyp» operasynda sawçynyň, «Howsalaly gije» operasynda Aknabadyň, «Swil dellekçisi» operasynda Rozinanyň, «Trawiata» operasynda Wiolettanyň, «Rigoleto», operalarynda Džildanyň, «Söýgi içgisi» operasynda Adinanyň, «Sigan barony» operasynda Arsenanyň, «Garahal gyz» operasynda Prileppanyň, «Karmen» operasynda Fraskitanyň, «Don Paskualýa» operasynda Norinanyň, «Gunça» operasynda Gunçanyň, «Ajaýyp Ýelena» operasynda Ýelenanyň, «Kawkazly ýegen» operasynda Leýlanyň, «Şadyýan myhman» operasynda Jereniň, «Kemine we Kazy» operasynda Sadabyň, «Aýna» operasynda Bibiniň, «Bökelek» operasynda Grassiniň ýatdan çykmajak keşplerini döredýär hem-de öz käriniň ussady bolýar.
Onuň ýerine ýetiren «Ýagsana ýagyş», «Söýgi aýdymy», «Türkmen halysy», «Gel, Türkmenistana», «Selbinýaz» ýaly aýdymlary kalplara nur çaýdy. Ol Daniýa, Ýaponiýa, Germaniýa, Fransiýa, Mongoliýa, Şwesiýa, Türkiýe, Mongoliýa, Hindistan, Gresiýa ýaly döwletlerde konsert bilen çykyş edip, türkmen milli aýdym-sazynyň muşdaklarynyň söýgüsini gazandy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, ýokary ussatlygy we uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti üçin R.Töräýewa 1973-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1984-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi bolýar.