Mälikguly KEPBANOW (1926-1982 ý.ý.)
Mälikguly Kepbanow 1926-njy ýylyň 20-nji aprelinde Aşgabadyň golaýyndakyAşgabat obasynda dünýä inýär. Ol heniz paýtagtymyzdaky 1-nji orta mekdebinde okaýarka, 1937-nji ýylda Aşgabadyň Demirýolçylar öýünde Orta Aziýa boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda olimpiada geçirilende “Parowoz” atly goşgyny okap, birinji baýraga mynasyp bolýar. Ýedinji synpy gutarandan soň M.Kepbanow sungata barýan ýoluň ilkinji gadamyny 1940-njy ýylda teatr artistlerini taýýarlaýan ýörite mekdepden başlaýar. Şondan bir ýyl geçenden soň hem M.Kepbanowy täze açylan Türkmen döwlet opera we balet teatryna artist hökmünde işe ýollaýarlar. Ol bu teatryň sahnasynda dürli häsiýetli, dürli dünýägaraýyşly gahrymanlaryň keşbini döredýär. Şol bir wagtda M.Kepbanowy teatryň ýolbaşçylygy esasy işi bilen utgaşykly Aşgabadyň ýörite sazçylyk mekdebine okuwa ýollaýar. Ol bu okuw mekdebini 1957-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar.
“Gül-Bilbil” operasynda Zeliliniň, “Çio-çio-san” operasynda komissaryň, “Trawiata” operasynda Markiziň, “Şasenem-Garyp” operasynda Şawelediň keşplerini döredip, ilkinji üstünliklerini kärdeşleri bilen paýlaşýar. Bu keşpler ony hakyky opera aýdymçysydygyny ile äşgär edýär.
Özüniň erjelligi, sungata ymykly ýapyşan zehini, galyberse-de, halypalarynyň yzygiderli ýardam bermekleri ýaş artistiň zehinini gitdigiçe taplaýar, barha ösdürýär.
1951-nji ýylda opera we balet teatry M.Karasýewyň “Morozko” operasyny goýýar. Teatryň režissýory A.Makarowskiý Mälikguly Kepbanowa öz ýanyna kömekçi edip alýar. Şol wagtdanam M.Kepbanowyň şol bir wagtda teatrda režissýorlyk ýoly başlanýar. Ol Moskwada režissýorlary taýýarlaýan ýokary kursunda hem okaýar. M.Kepbanow Moskwanyň Ý.Wahtangow adyndaky teatrynyň režissýory, professor Zahow, režissýor, kino artisti Bibikow ýaly ussatlaryň elinde tälim alýar. Kursuň tamamlaýjy ýylynda bolsa ol synagda “Garyplyk aýyp zat däl” operasyny goýan režissýor, “Garahal gyz” operasyny sahnalaşdyranlaryň hem biri bolup çykyş edýär. Onuň bu işleri ýokary baha mynasyp bolýar.
M.Kepbanow okuwyndan dolanyp gelenden soň, A.Garlyýew bilen bilelikde “Zöhre-Tahyr” operasyny, A.Makarowskiý bilen bilelikde hem “Faust”, “Karmen” oýunlaryny goýýar. Okuwda alnan kämillik, şular ýaly ökde režissýorlar bilen pugta hyzmatdaşlyk M.Kepbanow üçin özbaşdak işlemäge uly ýol açýar. Ol teatryň sahnasynda “Sewil dellegi”, “Toska”, “Maýsara” ýaly operalary goýýar. Şol operalaryň teatryň repertuaryna ymykly ornaşyp, tomaşaçylaryň göwnünden turýar.
M.Kepbanowyň sahnalaşdyran operalarynyň, operettalarynyň örüsi dura-bara baýlaşýar. Ol soňra teatryň sahnasynda “Zaporožýeli Dunaýyň aňyrsynda” atly operany goýýar. Ol teatrda gülküli operalary, pajygaly operalary, liriki operalary, şadyýan operettolary hem goýýar. P.Çaýkowkiniň “Iolanta”, Rahmaninowyň “Aleko”, A.Dolidzäniň “Keto we Kote”, Ştrausyň “Sigan barony”, Ş.Ýudakowyň “Maýsara”, A.Agajykowyň “Sona”, Meýtus bilen A.Kulyýewiň “Abadan”, Nuryýewiň “Umytsyz söýgi” ýaly operalarynyň M.Kepbanowyň zehinine, yhlasyna ýugrulyp, türkmen sahnasyna çykan eserlerdir. Bularyň hemmesi hem tomaşaçylaryň halaýan eserlerine öwrülip, teatryň repertuaryna goşuldy. M.Kepbanow hünärini kämilleşdirmek üçin Moskwanyň Uly teatryna okuwa iberilýär. Ol bu ýerde ozalky SSSR-iň halk artisti W.Pokrowskiniň elinde tälim alýar. Kämilleşdiriş okuwyny gutarandan soň, diplom işi hökmünde ol kompozitor A.Agajykowyň “Gowgaly gije” operasyny goýýar. A.Agajykowyň “Gowgaly gije” operasy M.Kepbanowyň döredijiliginde esasy orun eýeleýär. M.Kepbanowyň bu eserdäki üstünligi bolsa, onuň opera teatrynyň sahnasynda baş keşbi janlandyrmagydyr. Ý.Meýtus bilen A.Kulyýewiň bilelikde döreden “Abadan” operasynyň täzeden işlenen görnüşini M.Kepbanow 1973-nji ýylda teatryň sahnasynda goýýar. Onuň sahnada goýan N.Muhadowyň “Keýmir kör” operasy hem ýokary üstünlige mynasyp bolýar.
Onuň döredijiliginiň sanawynda türkmen filmlerinde döredilen keşpler hem orun alýar. Ol “Türkmenfilm” birleşiginiň döreden “Aýratyn tabşyryk” atly filminde işçi Nyýazyň, “Aýna” çeper filminde bolsa Esen baýyň ogly Babanyň keşbinde çykyş etdi. Elbetde, bular hem artistiň köptaraplydygyny kepillendirýär. Türkmençä geçirilen kinofilmlere hem ses bermäge gatnaşdy.
Mälikguly Kepbanow 1941-1945-ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy hökmünde “Zähmetde tapawutlanandygy üçin” medaly, 1955-nji ýylda “Hormat Nyşany” ordeni we başga-da birnäçe sylaglar, Hormat hatlary bilen sylaglanýar.