Nurberdi Allaberdiýew
Nurberdi Allaberdiýew 1949-njy ýylda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez geňeşliginde eneden bolýar. 1964-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär. Ol mugallymçylyk mekdebini tamamlap, Moskwanyň M.S.Şepkin adyndaky ýokary ýokary teatral mekdebinde bilim alýar we ony 1973-nji tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Ol şol ýyl ozalky Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda zähmet ýoluna başlaýar. Bu teatrda ýaş ýigidiň sahnada özüni erkin alyp barşyna, ýerine ýetirýän keşbine yhlasly, jogapkärli çemeleşişine göz ýetiren teatr ussatlary oňa yzly-yzyna baş keşpleri ynanýarlar. Olardan «Peýkam» oýnunda Aga Berdiýewiň, B.Hudaýnazarowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Baharyň demi» oýnunda nakgaşyň, «Ömür kerweni» spektaklynda Ýakubyň keşplerini janlandyrýar. 1975-nji ýylda ol Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna işe gelýär. A.Gulmämmedow, B.Amanow, A.Durdyýew ýaly ussatlaryň mekdebini geçýär. Bu teatrda işlän döwründe N.Allaberdiýewe meşhur şahsyýetleriň keşbi has köp ynanylýar. Olardan Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Göroglynyň, Ahmet şa Dürranynyň keşpleri has-da şowly çykýar.
Nurberdi Allaberdiýew režissýor A.Alowowyň sahnalaşdyran «Batyr jeren» atly sahna oýnunda baş keşbi janlandyryp, tomaşaçylaryň berekellasyna mynasyp bolýar. Mundan başga-da, «Harmandäli» spektaklynda türkmen teatrynda ilkinji bolup, Göroglynyň keşbini, gruzin durmuşyndan söz açýan «Hanuma» atly spektaklynda hem Akopyň, «Tupan» spektaklynda Kuliginiň keşbini janlandyrýar.
Nurberdi Allaberdiýewiň türkmen kino sungatynda-da mynasyp orny bar. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda surata düşürilen 20-ä golaý kinofilmde çeper keşpleri janlandyrýar. B.Hudaýnazarowyň «Yzçynyň gözleri» powesti esasynda kinorežissýor Ý.Seýidowyň surata düşüren «Garagum reportažy» atly çeper filminde Kösäýewiň, Russiýanyň «Lenfilm» kinostudiýasy bilen bilelikde surata, H.Kakabaýewiň režissýorlyk eden «Gizlin ilçi» atly taryhy çeper filminde Hojanepesiň keşbinde çykyş edip, tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp bolýar. 1983-nji ýylda surata düşürilen «Bagtyndan jyda düşen Pyragy» atly çeper filmde Hywa türkmenleriniň serdary Çaryýar serdaryň, Ý.Mämmediýewiň «Ene toprak» romany esasynda surata düşürilen filmde Bahram hanyň, «Gazakfilm», Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky kinostudiýalarynyň, Müsür Arap Respublikasynyň kinokompaniýasynyň bilelikde surata düşüren, B.Mansurowyň režissýorlyk eden «Beýbars» atly çeper filminde doganlar Garlynyň we Aýbegiň keşplerini döredýär. Mundan başga-da, «Öwrüm», «Ýylanly ada», «Men hemişelik geldim» ýaly kinofilmlerde-de dürli keşpleri ýerine ýetirýär.
Nurberdi Allaberdiýew Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda «Jahan jomardy» spektaklynda Hatam taýyň, G.Kakabaýewiň «Ýurt» atly spektaklynda Oguz hanyň, «Magtymguly» atly spektaklynda Magtymguly Pyragynyň kakasy Döwletmämmet Azadynyň keşbini ussatlyk bilen janlandyrýar.
Sungat ýollarynda taplanan, ençeme spektakllarda, kinofilmlerde taryhy şahsyýetleri ussatlyk bilen janlandyran Nurberdi Allaberdiýew 1978-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň, 1985-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi bolýar. 1990-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1996-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar berilýär.