Orazdurdy Atahanow


Orazdurdy Atahanow



Şahyr Orazdurdy Atahanow 1951-nji ýylyň 8-nji iýunynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda dünýä inýär.
O.Atahanow 1968-nji ýylyň maý-oktýabr aýlarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň taýýarlaýyş kärhanasynyň işçisi, Gökdepe etrap abadanlaşdyryş gurluşyk kärhanasynyň işçisi, 1968-nji ýylyň dekabryndan 1969-njy ýylyň iýunyna çenli «Gökdepe» daýhan birleşiginiň işçisi, 1971-nji ýylyň noýabryndan 1972-nji ýylyň iýulyna çenli Gökdepe etrap bilim bölüminiň çagalar-ýetginjekler öýüniň gurnak ýolbaşçysy, 1972–1977-nji ýyllarda Gökdepe etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň uly pionerwožatysy bolup işleýär. 1980-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini filolog, dil we edebiýat mugallymy hünäri boýunça tamamlaýar.
O.Atahanow 1977–1990-njy ýyllarda Gökdepe etrap gazetiniň uly habarçysy, bölüm müdiri, 1990–1991-nji ýyllarda Gökdepe etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy, 1991–1997-nji ýyllarda «Gökdepe galasy» muzeý-zapowedniginiň muzeý işgäri, baş hazyna saklaýjysy we ekskursowody, ýadygärlikleri goramak we wagyz etmek bölüminiň müdiri, baş hazyna saklaýjysy, 1997–2003-nji ýyllarda Aşgabat şäher häkimliginiň ýanyndaky dini edaralaryň işlerini utgaşdyrmak baradaky edaranyň bölüm müdiri ýaly dürli kärlerde zähmet çekýär. 2003-nji ýyldan häzirki wagta çenli «Watan» gazetiniň bölüm redaktory bolup işleýär.
Şahyr Orazdurdy Atahanow Gazagystan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly dünýäniň birnäçe ýurtlarynda geçirilen halkara medeni çärelerine gatnaşdy hem-de türkmen edebiýatyny dünýä ýaýmakda köp işleri alyp bardy.

Şahyr Orazdurdy Atahanowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, medeniýetiň we sungatyň ösmegine, türkmen edebiýatynyň döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk ruhunda terbiýelemäge goşan mynasyp goşantlary nazara alnyp, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly at dakyldy. 2003, 2009-njy ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldy.
Şahyr Orazdurdy Atahanow dürli ýyllarda edebiýat äleminde meşhur ýazyjy-şahyrlaryň ençemesi bilen duşuşyp, işleşip, döredijilik gatnaşyklaryny saklady. Ol Türkmenistanyň halk ýazyjylary Gurbannazar Ezizowy, Kerim Gurbannepesowy, Baýram Jütdiýewi, Nargylyç Hojageldiýewi öz halypalary hasaplaýar.
Ol häzirki döwre çenli jemi 500-e golaý goşgynyň, 5 sany poemanyň we ençeme makalalaryň awtorydyr.
Orazdurdy Atahanowyň Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işlerini, durmuşa geçirýän belent maksatlaryny, medeniýet ulgamynyň gazanýan üstünliklerini çeper beýan edip ýazýan döwrebap makalalary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Orazdurdy Atahanow häzirki döwürde hem ýurdumyzda guralýan medeni çärelerde, şygryýet agşamlarynda, döredijilik duşuşyklarynda yzygiderli çykyş edýär.