Gylyç Berdiýew


Gylyç Berdiýew


(1909-1984)

Gylyç Berdiýew 1909-njy ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Mülkýap obasynda dünýä inýär. On iki ýaşy dolanda, ol Mary şäherindäki Kemine adyndaky 3-nji internada okuwa girýär. 1923-nji ýylda G.Berdiýew Aşgabatdaky mugallymçylyk tehnikumyna okuwa girýär. Ol mugallymçylyk tehnikumynda okap ýörkä, teatr studiýasyna kabul edilýär. G.Berdiýew teatr studiýany tamamlap, 1929-njy ýyldan Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işläp başlaýar. Gylyç Berdiýewe ýaş artist hökmünde 1934-nji ýylda N.W.Gogolyň «Derňewçi» oýnunda Lýapkin-Týapkiniň keşbini döretmek ynanylýar. Ol bu keşbi ömrüniň ahyryna çenli oýnaýar. Bu bolsa keşbiň näderejede şowly çykanlygyna şaýatlyk edýär. 1936-njy ýylda A.Korneýçugyň «Platon Kreçet» oýny sahnada goýulýar. Şol oýunda töwekgel, täzeçilligiň tarapdary lukman Kreçediň keşbini döretmek G.Berdiýewe ynanylýar. Bu keşbiň hem şowly çykmagy artistiň uly döredijilik üstünligi bolýar. Gylyç Berdiýewiň döreden keşplerine siňe seretseň, gülküniň, degişmäniň baýlygy bilen tapawutlanýar.

Gylyç Berdiýew 1942-nji ýylda Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Demirgazyk günbatar frontunda söweşiji esgerleriň öňünde G.Burunow bilen B.Amanowyň «Keýmir kör» oýnundan Warrygyň keşbi bilen çykyş edýär.
1943-nji ýylda teatr nemes dramaturgy F.Şilleriň «Mekirlik we söýgi» dramasyna ýüzlenýär. Şol oýunda G.Berdiýew watançylykly hereketi öňe sürýän Ferdinandyň keşbini çuňňur we aň öwüşginleri bilen ýerine ýetirýär.
Ol G.Muhtarowyň «30-njy ýyllar» oýnunda Uzyn batragyň keşbini hem ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.
Soňra ol dürli ýyllarda «Garakçylar» oýnunda Karl Mooryň, «Platon Kreçetde» Platonyň, «Keýmir körde» Warryk Batyryň, «Lýubow Ýarowaýada» Gornostaýewiň, «Duşmanlarda» Sinsowyň, «Otelloda» Kassionyň, «Derňewçide» Lýapkin-Týapkiniň, «Gelinleriň gozgalaňynda» Orunbaýyň keşplerini döretdi. Onuň döredijiliginiň ýene-de bir aýratynlygy, ol hem oýun goýujy režissýorlyk ukybynyňam bardygydyr. Ol teatryň sahnasynda Ž.B.Molýeriň «Skapeniň sapalagy», A.Korneýçugyň «Platon Kreçet», Mdiwaniniň «Namys» atly oýunlaryny sahnalaşdyrýar. Şeýle hem Gylyç Berdiýew daşary ýurt dramaturglarynyň iň oňat eserlerini türkmen diline terjime edýär.
Gylyç Berdiýew Türkmenfilm kinostudiýasynda birnäçe filmlerde surata düşýär. Ol «Aýna» filminde Berdiniň, «Aýgytly ädim» filminde Baba hanyň keşplerini ýerine ýetirdi.

Türkmen teatr, kino sungatynyň ösmegi üçin bitiren aýratyn hyzmatlary üçin ussat artist 1939-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1950-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly eýe boldy. Şeýle hem ol 1955-nji ýylda «Zähmet Gyzyl Baýdak» ordeni bilen sylaglanyldy.