Kaýum Taňrygulyýew


Kaýum Taňrygulyýew
(10.05.1930 - 19.01.2014)



Kaýum Taňrygulyýew 1930-njy ýylyň 10-njy maýynda Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Gyzylaýak obasynda dogulýar. Ol ýaşlykda şol obada hat gatnadyjy bolup zähmet çekýär. 1955-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Onuň «Altyn aşyk» atly ilkinji kitaby 1956-njy ýylda çapdan çykýar.



K.Taňrygulyýewiň 200-e golaý kitaby dünýäniň 45 dilinde umumy 30 milliondan gowrak nusgalykda çap bolýar. Ol çagalar edebiýaty bilen baglanyşykly ylmy makalalaryň 1000-den gowragynyň, 6 sany monografiýanyň we okuw kitabynyň awtory. Onuň mekdep ýaşyndaky çagalar üçin kompozitor Weli Ahmedow bilen bilelikde taýýarlan aýdymlar ýygyndysy çapdan çykdy. Ol daşary ýurtly ýazyjylaryň kitaplarynyň ençemesini türkmen diline terjime etdi. Olardan Ş.Rustaweliniň «Gaplaň derisine giren pälwan», P.Ýerşowyň «Küýküje taýçanak» ýaly eserlerini, S.Mihalkowyň, A.Bartonyň, J.Rodariniň, A.Bosenyň, Ýa.Akimyň, W.Bahrewskiniň goşgularyny mysal getirip bolar.

Ol «Körpe» žurnalynyň ilkinji redaktory. Ol bu wezipede 10 ýyl zähmet çekdi. Kaýum Taňrygulyýew Russiýada, Çehiýada, Germaniýada, Mongoliýada, Ýaponiýada, Wengriýada, Mozambikde, Ispaniýada, Hindistanda we başga-da birnäçe döwletlerde çagalar edebiýatyna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatlaryň ençemesine gatnaşdy. Onuň türkmen dilinde 30-a golaý, rus dilinde 30-a golaý, şeýle-de dünýäniň dürli halklarynyň dillerinde 60-a golaý kitaby neşir edildi.

Olardan has ýörgünlileri hökmünde «Pilmahmyt», «Keşt edeliň ülkämize», «Goşa derek», «Altyn okara», «Ýartygulagyň, Şyrdagyň, Pilmahmydyň syýahatlary», «Süýji bolýar ekip iýseň» ýaly kitaplary mysal getirip bolar. K.Taňrygulyýew «Halk magaryfynyň otliçnigi» diýen ada mynasyp boldy, bilim ulgamynda zähmet çekip, ýokary okuw mekdeplerinde talyplara bilim berdi. K.Taňrygulyýew filologiýa ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň, G.H Andersen adyndaky halkara baýragyň –– hormatly diplomynyň eýesi.

Şeýle-de, 1984-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» , 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin», 2016-njy ýylda (merhum) «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medallaryň eýesi. 2020-nji ýylyň 10-njy maýynda K.Taňrygulyýewyň doglan gününe 90 ýyl bolýar.