Şamuhammet AKMUHAMMEDOW (1937–2010)


Şamuhammet AKMUHAMMEDOW (1937–2010)



Şamuhammet Akmuhammedow 1937–nji ýylyň awgust aýynyň 8-inde Mary welaýatynyň Mary şäherinde eneden dogulýar. Ol teatr we kino suratkeşi, nakgaş. Şamuhammet Akmuhammedowa 1987-nji ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, 1993-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi diýen hormatly atlar dakylýar.

Ol 1959-njy ýylda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebini tamamlady. 1966-njy ýylda Moskwanyň B.I.Surikow adyndaky döwlet çeperçilik institutyny gutardy.Talyplyk döwründe Ş.Akmuhammedow G.Musrepowyň «Söýgi hakda poema» atly sahna eserini bezemek bilen meşgullandy. S.Balasanýanyň «Leýli we Mejnun» baletine bezeg ülňülerini döretmekde höwes bilen işledi. Bu işler suratkeşiň teatr ugrundan üşüginiň, nakgaşçylykdan pikir ýöredişinde batyrgaýlygyň hem erkinligiň, reňkleri saýlap almakda üýtgeşik duýgularynyň bardygyny ýüze çykardy. Ş.Akmuhammedow instituty tamamlan ýyly – 1966-njy ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalygyna kabul edildi. Şondan bäri döwlet derejesindäki, daşary ýurtlardaky çeperçilik sergilerine gatnaşdy. Ş.Akmuhammedow 1968-nji ýyla çenli Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda H.Derýaýewiň «Mähri» (1966), A.Kekilowyň «Söýgi» (1967), M.Seýitnyýazowyň «Şarpyk» (1968) spektakllary bezedi. Şol teatrda suratkeş bolup işlemegi Ş.Akmuhammedowyň ýene bir döredijilik zehinini açdy.

M.Seýitnyýazowyň «Şarpyk» dramasynda ol aýdymçy oglanyň keşbini janlandyrmagy oňat başardy. Ol teatrda goýlan sahna oýunlarynda keşpleriň talabyna görä bezeg işlerini ýokary derejede ýerine ýetirdi. Ol ençeme kinofilmlere surata düşdi. «Gyrnak» (1968), «Ölüm ýokdur, oglanlar» (1970), «Serkerdeler» (1972), «Maýagyň şöhlesi» (1977). A.Şamuhammedow «Bäşim Nuraly» (1978), «Gözelligi eçilmek» (1978), «Edep-terbiýe berenler» (1985) ýaly «Türkmenfilmiň» surata düşüren dokumental filmleriniň edebi esasyny ýazdy.

Suratkeş Ş.Akmuhammedowyň «Gyrnak» kinofilminde has görnükli keşbi döredendigi üçin Minsk şäherinde geçirilen bütinsoýuz kinofestiwalynda birinji derejeli diploma mynasyp boldy. Ş.Akmuhammedow nowelladyr powestleri hem ýazdy. Suratkeş Ş.Akmuhammedowyň dürli ýyllarda döreden «Güneşli ülke», «Köpetdagyň ýodalary», «Gadymy Nusaý», «Hazar deňzinde», «Awçy», «Türkmen bazary», «Könekesiriň ýollarynda» ýaly nakgaş eserleri tebigat täsinliklerine, türkmen topragynyň gözelliklerine bagyşlanandyr. Ol Hindistana bagyşlap çeken suratlar toplumynda bu ýurduň binagärliginiň şekillerinde gadymy sungatyň gözelligini ussatlyk bilen suratlandyrmagy başardy. Onuň bu işleri üçin Jawaharlal Neru adyndaky Halkara baýragy gowşuryldy. Ussat suratkeş Braziliýada, Germaniýada, Hindistanda, Bolgariýada we başga-da birnäçe daşary ýurtlarda geçirilen sergilere gatnaşdy we onuň şahsy sergileri guraldy.