Aman KÖMEKOW (1936-2005)


Aman KÖMEKOW (1936-2005)
(1936-2005)



Aman Kömekow 1936-njy ýylyň noýabr aýynyň 20-sinde Mary welaýatynyň Mary etrabynda eneden dogulýar. Ol drama teatrynyň režissýory, drama we kino aktýory. Türkmenistanyň at gazanan artisti (1979).
A.Kömekow 1964-nji ýylda Daşkendiň N.Ostrowskiý adyndaky teatr çeperçilik institutyny drama we kino artisti, režissýor hünäri boýunça tamamlady. Ol institutda ilki artistçilikde okap, soňra režissýorlyk bölümine geçýär. Ýokary okuw mekdebinde diplom işi hökmünde goýan “30-njy ýyllar” spektaklynda Keltäniň keşbini döredýär. Instituty tamamlap, ol Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda režissýor bolup işe başlady. Ol özüniň saýlan bu hünärine gaty talapkär çemeleşdi. Režissýorlyk işi bilen has içgin girişdi. Şunlukda, ol sahnada “Sekizinji hazyna”, “Gelinleriň gozgalaňy”, “Giýewleriň bäsleşigi”, “Agtyklam bolsa öýlenjek”, “Durmuşa çykjak däl”, “Kime jaý gerek, kime-de – taý”, “Sallahlar hüjüme geçýär” ýaly onlarça oýunlary sahnalaşdyrdy. 1964-nji ýylda Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň döredijilik topary A.Kömekowyň sahnalaşdyran “Sekizinji hazyna” atly sahna oýny bilen Moskwa iş saparynda bolýar. Bu oýun Moskwada uly üstünlik bilen garşylanýar. Zehinli režissýor ermeni dramaturgy A.Papaýanyň “Hawa, dünýä düňderildi” atly sahna oýnuny hem üstünlikli sahnalaşdyrmagy başarýar. Režissýoryň bu gülküli sahna oýnuny ökdelik bilen sahnalaşdyryp bilşine, artistlere doly oýnamaga ýol açyp, diňe şolaryň üsti bilen öz baý hyýalynyň önümini tomaşaça ýetirmäge bolan ukybyna teatr işgärleriniň syny oturdy. Soňra ol dramaturg D.Baleýewiň “Ynsabyň yzasy” dramasyny sahnalaşdyrýar. Bu sahna oýny teatryň şowly çykan spektakllarynyň hataryna goşuldy. Onlarça üstünlikli goýlan oýunlar A.Kömekowy adykdyrdy. Şu güne çenli onuň goýan gülküli oýunlaryna höwes bilen tomaşa edýärler. A.Kömekow dramaturgiýada-da öz güýjüni synap görýär. Atajan Tagan bilen “Läleler näme diýýärler?”, Azym Ahmedow bilen “Ýokardan gelen lukman” ýaly drama eserlerini ýazdy.