Taňryguly Taganow


Taňryguly Taganow
(1918-1990)



Taňryguly Taganow 1918-nji ýylyň 9-njy maýynda Aşgabadyň Köşi obasynda dünýä inýär. Ol öz obasyndaky mekdebi üstünlikli okap gutarýar. Soňra ol S.Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutyna okuwa girip, onuň doly kursuny 1937-nji ýylda okap gutarýar. Şeýlelikde ol başlangyç synp mugallymy diýen käre eýe bolýar. Ol Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümini hem üstünlikli okap gutarýar.
Taňryguly Taganow 1939-njy ýyllarda Türkmenistanyň bilim ulgamynda işleýär. Şonda ol bu ulgama degişli ylmy gollanma ýazýar.
Taňryguly Taganow edebi döredijilik işine 1947-nji ýylda başlaýar. Ol edebiýat meýdanyna drama, proza eserleri bilen geldi.
Ýazyjynyň «Saýrak bilbil», «Onuň arkasy güýçli», «Beýik şahyr», «Dostluk daragty», «Der gelmese, dür gelmez», «Dürler hazynasy», «Leňňer Pälwan» diýen powestleri we hekaýalar ýygyndylary çap bolup çykýar. Onuň «Ikinji naharhana», «Guýruksyz tilki», «Sury bagana», «Kökenli ýüzük», «Harasat», «Yşk mülküniň şasy», «Gowgaly gije», «Metjitdäki gömülgen», «Saltyk», «Ölümden gorkmaýan ýigit», «Dört ýürek», «Gekgewler», «Baky diriler», «Jadyly aýna» diýen drama eserleri ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň, Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň, Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahnalarynda goýuldy. Dramaturgyň bu sahna eserlerini tomaşaçylar gyzgyn garşy aldylar.
Ýazyjy hem dramaturgyň «Wyždan», «Şabibi», «Körpe ogul», «Pyragy» diýen romanlary türkmen okyjylaryna ruhy lezzet paýlady. Mundan başga-da onuň «Ilkinji naharhana», «Kepbanyň garyndaşlary», «Hüýrjemal totem», «Çydamly gelin» we başga-da birnäçe çeper eserleri ýurdumyzyň döredijilik bäsleşiklerinde baýraklara mynasyp boldy. Onuň birnäçe eserleri rus, gazak, azerbaýjan, täjik hem-de beýleki halklaryň dillerine terjime edildi. Taňryguly Taganow diňe bir drama eserlerini ýazmak bilen çäklenmän, edebiýatda terjime barada hem ep-esli iş etdi. Ol A.P.Çehowyň hekaýalaryny, Gonçaryň «Baýdak göterijiler» romanynyň bir kitabyny, Din Liniň «Sangan derýasynyň üstüne gün dogdy» romanyny, Koçatowyň «Žurbinler» romanyny, G.Gulianyň «Sakenli dostlar» kitabyny hem başga-da birnäçe ownukly-irili edebi kitaplary türkmen diline geçirdi.
Ýazyjynyň asylly zähmeti, ýurdumyzyň bilimini we medeniýetini ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin ol 1948-nji ýylda «Halk magaryfynyň otliçnigi» we 1969-njy ýylda «SSSR medeniýetiniň otliçnigi» diýen nyşanlar bilen, 1978-nji ýylda «Zähmet weterany» diýen medal bilen sylaglanýar.