Ogulgurban Durdyýewa


Ogulgurban Durdyýewa
(1912-1979)



Ogulgurban Durdyýewa 1912-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky Ýüzbaşy obasynda dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlandan soň, 1928-nji ýylda Türkmen döwlet drama teatrynyň ýanyndaky studiýasynda okaýar. Ol okuw döwründe ilkinji gezek A.Gowşudowyň «Ganly jeňňel» atly sahna oýnunda Näzigiň keşbini janlandyrýar. Ol 1929-njy ýylda teatr studiýasyny ilkinjileriň hatarynda tamamlap, Mollanepes adyndaky türkmen döwlet drama teatrynda zähmet ýoluna başlaýar. Täze açylan Türkmen döwlet drama teatrynda zähmet ýoluna başlan ýaş artist arap durmuşyndan Ferdinanda Dýuşeniň «Tamilla» romany esasynda goýlan spektaklynda Tamillanyň keşbini janlandyrýar. Şeýle hem O.Durdyýewa şol döwürde düşürilen gysga metražly filmlerde-de surata düşýär. Şol ýyllarda teatryň sahnasynda A.Haldurdyýewiň «Galyňsyz» atly eseri esasynda sahnalaşdyrylan spektaklda Sonanyň keşbini janlandyrýar. Şeýdip ol tomaşaçynyň kalbyna barýan ýodajykda ilkinji ädimler ädip başlaýar. Dürli häsiýetdäki aýal-gyzlaryň keşbini ezberlik bilen sahnada janlandyrmagy başarýandygy üçin, oňa A.Gowşudowyň «Juma» atly oýnunda Güldessäniň, «Nedir şa» oýnunda bolsa şa aýalynyň, B.Kerbabaýewiň «Baba lakgy» spektaklynda Jahanyň, T.Esenowanyň «Şemşat» spektaklynda Şemşadyň keşbini döretmek ynanylýar. Bu keşpler Ogulgurban Durdyýewany täze belentliklere alyp gidýär. Ol soňra dünýäniň nusgawy eserleri esasynda sahnalaşdyrylan oýunlarda hem täsirli keşpleri döredýär. Ol «W.Şekspiriň «Otellosynda Dezdemonanyň, «Romeo we Julýettada» Julýettanyň, N.Ostrowskiniň «Tupanynda» Katerinanyň, M.Gorkiniň «Duşmanlar» oýnunda Kleopatranyň, L.Malýuginiň «Köne dostlar» oýnunda Toýanyň keşplerini ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. A.Gulmämmedowyň režissýorlyk etmeginde H.Hekimzada Nyýazynyň eseri esasynda goýlan «Baý we batrak» spektaklynda Hanzodanyň, K.Trenýowyň «Lýubow Ýarowaýa» spektaklynda Panowanyň keşbini janlandyrýar.

1938-nji ýylda Mollanepes adyndaky türkmen döwlet drama teatrynda A.S.Puşkiniň «Bakjasaraý çüwdürimi» atly aýdym-sazly sahna oýny sahnalaşdyrylýar. O.Durdyýewa bu sahna oýnunda Zaremanyň we Mariýanyň keşplerinde çykyş edýär.
Ol 1938-1939-njy ýyllarda has önjeýli işleýär. Bu ýyllarda ol A.Garlyýewiň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan «Aýna» atly oýunda Aýnanyň, G.Mdiwanyň «Namys» atly oýnunda Notellanyň, F.Şilleriň «Mekirlik we söýgi» atly oýnunda Luizanyň, A.S.Puşkiniň «Daş myhman» oýnunda Annanyň keşplerini ussatlyk bilen janlandyrmagy başarýar. Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda Mollanepesiň «Zöhre-Tahyr» dessany esasynda B.Amanowyň sahnada goýan operasynda ol Mahymyň keşbini ýerine ýetirip, ussatlygyny subut etdi.
Ol dürli ýyllarda birnäçe türkmen film¬le¬rinde surata düşýär. Ol «Ýanýan arabanyň ýoly» atly çeper filminde Mamur ejäniň, «Gämiçiniň jany bir» atly çeper filminde enäniň, «Taýharlyja oglanjyk» atly filminde enäniň, «Aýal ata çykanda» atly çeper filminde halyçy aýalyň, «Gelin» filminde enekäniň, «Serdar» filminde Ogulgurbanyň, «Aýgytly ädim» atly çeper filminde Artygyň ejesi Nurjahanyň keşplerini ussatlyk bilen janlandyrýar.
O.Durdyýewa Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hassahanalarda söweşde ýaralanyp gelen esgerleriň öňünde hem drama teatryň artistleri bilen işjeň çykyş edýär. Ol 1948-nji ýylda teatryň sahnasynda sahnalaşdyrylan «Rus häsiýeti» atly spektaklda öz söwer ýaryna wepaly zenanyň keşbini döredip, özüniň ussatlygyny görkezýär. 1970-nji ýylda Balkanda Nebitçileriň medeniýet köşgünde halk teatrynyň döredilmeginde O.Durdyýewanyň hyzmaty uludyr. Ol bu halk teatrynda ýaş çeper höwesjeňlere sahna sungatynyň inçe syrlaryny irginsiz öwretdi.
Ol 1939-njy ýylda türkmen teatrynyň sahnasynda döreden ajaýyp keşpleri üçin bu sungatyň zenan wekilleriniň arasynda ilkinjileriň hatarynda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolýar. 1966-njy ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at berilýär.