Nurmuhammet Keşikow
Nurmuhammet Keşikow 1939-njy ýylyň 16-njy maýynda Aşgabat şäheriniň Garadamak obasynda eneden bolýar. Ol mekdep ýyllarynda Aşgabadyň ýetginjekler köşgündäki drama gurnagynda çykyş edýär we ilkinji gezek çeper höwesjeňleriň döreden «Keýmir kör» atly oýnuna gatnaşýar. N.Keşşikow 1963-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatral-sungat institutynyň «Teatr we kino aktýory» bölümini tamamlap, Aşgabada gelenden soň, bada-bat şol döwürdäki akademiki-drama teatrynda artist bolup işe başlaýar. Ol bu teatryň sahnasynda ýaş artist hökmünde B.Jakyýewiň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Atanyň takdyry» atly oýnunda Ýeňişbeg diýen ýetim oglanyň keşbini ilkinji gezek janlandyrdy. B.Amanowyň «Mollanepes» atly oýnunda Mollanepesiň keşbini ussatlyk bilen janlandyrdy. Ol soňra Moskwa şäherinde Ýokary režisýorlyk kursuny tamamlap, drama režissýory diýen hünäri ele aldy. 1984-nji ýyldan başlap ol Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň oýun goýujy režissýory bolýar. Režissýorlyk kärinde onuň halk teatrlarynda ençeme spektakllary, şol wagtky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki- drama teatrynda (häzirki Mollanepes adyndaky talyplar teatry) «Soňky ok», «Aý tutulan gijesi», «Çatynjalar», «Japbaklar», şol wagtky Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda «Täsin tebip» spektaklyny sahnalaşdyrýar. Ol teatrda işlän ýyllarynda sahnada 100-den gowrak keşpleri döretdi. 50-den gowrak teatr eserlerini sahnalaşdyrdy.
Ol Türkmen döwlet medeniýet institutynda zähmet çekmek bilen, bu ýokary okuw mekdebiň çeper ýolbaşçysy, dosenti hökmünde «Aktýory terbiýelemigiň usuly we esasy ugurlary» atly okuw gollanmasyny «Aktýor ussatlygy», «Sahna hereketi», «Sahna dili», «Sahna çykyşlarynyň türgenleşigi» ýaly okuw maksatnamasyny ýazdy.
Nurmuhammet Keşikowa 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent at berildi.