Gurbannazar Atakgaýew


Gurbannazar Atakgaýew
(1934-2011)



Gurbannazar Atakgaýew 1934-nji ýylda Ahal welaýatnyň Bäherden etrabynyň Durun obasynda dünýä inýär. Ol obasyndaky 7 ýyllyk mekdebi tamamlap, 1950-nji ýylda Balkan welaýatyndaky mugallymçylyk mekdebinde, 1954-nji ýylda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň wokal bölüminde okaýar we olary üstünlikli tamamlaýar. Gurbannazar Atakgaýew Aşgabadyň 5-nji orta mekdebinde aýdym-saz mugallymy bolup, zähmet ýoluna başlaýar. Ol 1963-nji ýylda türkmen telewideniýesiniň aýdym-saz bölüminde režissýor wezipesinde işleýär. 1972-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki N.Çerkasow adyndaky teatr saz we kinematografiýa döwlet institutyny drama we kino artisti hünäri boýunça tamamlaýar. Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň, ol türkmen telewideniýesiniň edebi-drama gepleşikler bölüminiň režissýory bolup işleýär.
Gurbannazar Atakgaýew türkmen telewideniýesinde taýýarlanýan sahnalarda esasan hem kärdeşi Juma Ýazmyradow bilen her ýylda geçirilýän Täze ýyla bagyşlanan gepleşiklerde çykyş edýärdi. Ol Kerim Gurbannepesowyň poemasy esasynda «Ata we ogul» ataly teleoýunda Keçjal aganyň keşbini janlandyrýar.
1980-nji ýylda G.Atakgaýew Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti bolup işleýär. Bu teatryň sahnasynda ol ýatdan çykmajak keşpleri janlandyryp, teatr muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. Şolaryň biri-de «Kemine» atly spektakldaky garry piriň keşbidir.
Gurbannazar Atakgaýew kinorežissýor Oraz Çerkezowyň düşüren «Magtymguly» atly çeper filminde nökerbaşynyň keşbini ýerine ýetirýär. Ol «Dünýä belli adam» atly teleoýnunda baş keşbi janlandyrýar.
Gurbannazar Atakgaýew diňe bir teatryň sahnasynda, ýa-da ekran arkaly keşp janlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, radiooýunlarda hem işjeň we yzygiderli çykyş edýär. «Aýna bilen Söhbet hakynda rowaýat» atly radiooýundaky ýaşuly çopanyň we başga-da birnäçe keşpleri unudylmaz täsir galdyrýar. Ol türkmen telewideniýesiniň edebi-drama bölüminde taýýarlanan «Alaýaz», «Satira we ýumor», «Täze ýyl agşamy» atly sahnalarda we oýunlarda çykyş edip, halkyň aňynda gülküli sahnalaryň ussady bolup galmagy başardy. Ol ýurdumyzyň çäklerinde tanalan Juma Ýazmyradow, Berdi Aşyrow, Tagan Saryýew, Orazdurdy Hojaýew, Akmyrat Bäşimow, Allaberdi Meläýew ýaly wäşileri, şahandazlary we teatr artistleri bilen bilelikde birnäçe gysgajyk gülküli sahna oýunlaryny we çykyşlaryny ýerine ýetirdi. Gurbannazar Atakgaýew 2001-nji ýyldan başlap tä ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda zähmet çekdi. Ol bu teatryň sahnasynda «Nurberdi han» hem-de «Watan hakda üç aýdym» spektakllarynda täsirli keşpleri ýerine ýetirýär. Şeýle-de ol teatryň sahnasynda görkezilýän «Gülki agşamynda» çykyş edip, tomaşaçylaryň göwnüni awlaýar. Ol teatryň döredijilik toparynyň arasynda göçme sahna oýunlary bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde işjeň çykyş etdi.
Wäşi artist, režissýor Gurbannazar Atakgaýewe uzak ýyllaryň dowamynda milli sungatymyzy ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp, 1987-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1994-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent atlar dakylýar.