Oguldurdy Mämmetgulyýewa
(1937-2004 )
1937-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Artyk obasynda eneden doguldy. 1959-njy ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky teatr sungat institutyna okuwa girýär. Ol ýokary okuw mekdebi tamamlap, Aşgabat şäherinde şol wagtda hereket edýän Ýaş tomaşaçylar teatrynda zähmet ýoluna başlaýar. Oguldurdy Mämmetgulyýewa bu teatryň sahnasynda häsiýeti boýunça biri-birine meňzemeýän dürli keşpleri ussatlarça ýerine ýetirýär. Şolaryň biri-de režissýor D.Öräýewiň sahnalaşdyran «Peýkam» atly spektaklynda Elza Hakkeriň keşbidir. Onuň janlandyran bu keşbi tomaşaçylaryň ýadynda berk ornaýar. Ol soňra Gogolyň «Öýlenmek» komediýasynda Agafiýa Tihonownanyň keşbini janlandyrýar. Bu sahna oýny artist zenanyň gülküli žanrynda-da ussatlygynyň ýokarydygyny görkezýär. Onuň ýyl geçdigiçe öz ussatlygyny artdyrmagy teatryň döredijilik toparynyň, şeýle hem tomaşaçylaryň öňünde-de abraýyny has-da belende göterýär.
Oguldurdy Mämmetgulyýewa «Gang» dramasynda batyr razwedkaçynyň, «Bu nähili beýle bolýar?» spektaklynda nebitçi gyz Aýgülüň, «Maşgala» dramasynda Annanyň, «Aý tutulan gijesi» sahna oýnunda Bikäniň, «Ömrümiň örki» oýnunda Dursunyň, «Aprel we gyzjagaz» oýnunda Warýanyň, «Uly oglum» oýnunda Makyrskaýanyň, «Sarsgyn» oýnunda Bibiniň, «Sen meniň ömrüm» oýnunda Dursun ejäniň, «Altyn ýyldyz» oýnunda Möjek hanyň keşplerini janlandyryp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar.
Oguldurdy Mämmetgulyýewa 1986-njy ýyldan tä ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda işledi. Ol bu teatrda «Medeýa» atly sahna oýnunda Medeýanyň keşbini janlandyrdy. Şol sahna oýnunyň yzysüre teatryň döredijilik topary «Gala» atly spektakly sahnalaşdyrýar. Bu spektaklda O.Mämmetgulyýewa enäniň keşbini janlandyrmagy ynanýarlar. Şonuň ýaly-da zehinli artist zenana «Ýediň enesi» oýnunda enäniň, «Çynar daragty» oýnunda Wardonyň, «Demir aýal» oýnunda Demir aýalyň, «Ýaragly adam» oýnunda Nadeždanyň, «Optimist tragediýa» oýnunda barlagçynyň keşbi ýaly, dürli häsiýetli keşpleri ýerine ýetirýär.
Oguldurdy Mämmetgulyýewa sahnada döreden keşpleriniň üsti bilen ynsan gözelliginiň, ahlak päkligiň, adamkärçilik sypatlarynyň iň ajaýyp nusgalaryny sahna sungatynyň üsti bilen işjeň teswirlemegi başardy.
Oguldurdy Mämmetgulyýewa milli kino sungatyndan hem daşda durmaýar. Ol «Kärizgenler» filminde, şol sanda «Meniň dostum Meleguş» filminde Altynyň kiçi gelnejesiniň, «Japbaklar» filminde Işanyň aýalynyň keşbini ýerine ýetirýär. O.Mämmetgulyýewa öz esasy käriniň daşyndan Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplara tälim berip, sungatyň inçe syrlaryny öwretdi.
Oguldurdy Mämmetgulyýewanyň ýurdumyzyň teatr hem kino sungatynda bitiren işlerini göz öňünde tutulyp, şeýle-de ýokary ýerine ýetirijiligi üçin 1967-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent atlar dakylýar.