Hydyr Allanurow


Hydyr Allanurow
(1922-1993)



Hydyr Allanurow 1922-nji ýylda Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde eneden dogulýar. 1936-njy ýylda D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär we 1937-nji ýylda Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynyň dirižýorlyk bölümine geçirilýär. Ol 1941-nji ýylda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda dirižýor bolup, özüniň döredijilik ýoluna başlaýar we bu ýerde ömrüniň ahyryna çenli dirižýor, baş dirižýor bolup zähmet çekýär. Hydyr Allanurow özüniň başarnygyny we zehinini türkmen operasynyň we sazynyň ösmegine bagyşlaýar.
Ol ilkinji türkmen operalary - «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mežnun», «Zöhre-Tahyr», «Kemine we kazy», «Abadan», «Sona» ýaly we başga-da birnäçe sahna eserlerine dirižýorlyk edip, şol operalaryň we baletleriň ritmiki nusgalaryny döretdi. Hydyr Allanurow türkmen operalaryndan we baletlerinden başga-da, «Ýewgeniý Onegin», «Garahal gyz», «Demon» diýen rus operalara-da, «Guwlar köli» ýaly ençeme baletlere-de dirižýorlyk etdi.
Hydyr Allanurow bütindünýä nusgawy saz sungatyna degişli «Karmen», «Traw ata», «Raýmonda», «Sewil dellegi», «Maýsaranyň mekirligi» diýen operalarda dirižýor hökmünde çykyş etdi. Şeýle hem ol azerbaýjan, özbek, gruzin, ukrain kompozitorlarynyň döreden saz eserleriniň türkmen diňleýjilerine-de täsirli edilip ýetirilmegine uly goşant goşdy. Ol simfoniki eserlerine dirižýorlyk etmek-de öz ussatlygyny görkezdi. Hydyr Allanurow diňe dirižýorlyk etmek bilen çäklenmän, örän zehinli kompozitor bolýar, ol kompozitor I.Ýakuşenko bilen «Talyp» atly baletine saz ýazdy. Ol ençeme aýdym-saz eserleriniň we operalaryň, baletleriň awtorydyr. Onuň sazyna döredilen «Näme sen?», «Ene hakynda aýdym», «Gördüm» ýaly aýdymlar, romanslar diňleýjileriň söýgüsine mynasyp boldy.
Hydyr Allanurow türkmen opera we aýdym-saz sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 1964-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1967-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti», 1977-nji ýylda «SSSR-iň halk artisti» diýen belent atlara eýe boldy.