Habyp Mämmetýarow
(1920-2007 )
Habyp Mämmetýarow 1920-nji ýylyň 10-njy maýynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gozgan obasynda eneden bolýar. 1934-nji ýylda olaryň maşgalasy Aşgabada göçüp gelýär. Ol ilki Aşgabadyň egirme-dokma fabriginiň ýanyndaky mekdebe okuwa girýär. Şol ýyl hem ol bu mekdebiň drama gurnagyndaky dilli tüýdügiň ýanynda aýdym aýtmak toparyna gatnap başlaýar. Ol gurnak ýolbaşçysynyň hemaýat etmeginde Türkmen radiosynyň horuna barýar. Şol döwürde ozalky Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylan «Bagtly ýaşlyk» atly oýunda kiçiräk keşbi janlandyrýar. Soňra ol 1940-njy ýylda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň studiýasynda tälim alýar. Studiýada Kahianiniň «Bagtly ýaşlyk» operasynda Wäşiniň hem Alladat baýyň keşplerinde çykyş edýär. Habyp Mämmetýarow aýdymçy artist bolup ykbalyny şol teatr bilen baglaýar.
Onuň ýetginjeklik ýyllary Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär. 1942-nji ýylda uruşdan ýaralanyp gelen Habyp Mämmetýarow Zähmet Gyzyl Baýdak ordenli, Watançylyk urşunyň I derejeli ordeni bilen ýene-de öňki işlän teatryna dolanyp gelýär. Aslyýetinde H.Mämmetýarow opera we balet teatrynyň ilkinji kerpijini goýanlaryň biridir. Oňa teatrda Maýa Kulyýewa, Annagül Annakulyýewa, Hojaw Annadurdyýew, Hoja Annaýew, Durdymyrat Garajaýew ýaly ussatlar bilen işlemek miýesser edýär. Ol teatrda Ý.Meýtus bilen D.Öwezowyň sahnalaşdyran «Abadan» operasynda Kowalçugyň keşbini janlandyrýar. Bu keşp artiste üstünlik getirdi we opera tomaşaçylar tarapyndan uly söýgä mynasyp bolýar. Soňra Habyp Mämmetýarow Meýtus bilen D.Öwezowyň sahnalaşdyran «Leýli we Mejnun» operasynda baş gahryman Mejnunyň, «Şasenem-Garyp» operasynda Ilmyradyň keşbini döredýär. Onuň ýerine ýetiren şu ariýalary radioda ýaňlanýar. Ol ýurdumyzyň zehinli kompozitorlary D.Öwezow, G.Kulyýew, A.Esadow dagylar bilen aragatnaşyk saklap, olaryň döreden eserlerini hem aýdym edip aýdýar.
A.Şapoşnikow bilen D.Öwezowyň «Aýna» operasynda Habyp Mämmetýarowyň janlandyran Sapar çaýçynyň keşbi onuň iň bir şowly çykan keşpleriniň biridir. 1955-nji ýylda türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçen ongünlüginde H.Mämmetýarow «Şasenem-Garyp» operasynda Ilmyradyň, «Ýewgeniý Onegin» operasynda Trekeniň keşplerini ussatlyk bilen döredip, Zähmet Gyzyl Baýdak ordenine hem-de «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy. H.Mämmetýarowyň ýerine ýetirýän «Palawa gel» we beýleki ariýalary diňleýjileriň söýgüsine mynasyp boldy.
Habyp Mämmetýarowyň «Zöhre-Tahyr», «Ýewgeniý Onegin», «Kemine we Kazy», «Knýaz Igor», «Sona», «Gowgaly gije» we beýleki onlarça operalarda döreden keşpleri uly üstünlige eýe boldy. 1957-nji ýylda Moskwada türkmen edebiýatynyň we sungatynyň günleri geçirilende teatr «Ýewgeniý Onegin» operasy bilen gatnaşýar. Opera türkmen dilinde ýaňlanýar. Artistleriň çeken zähmeti ýerine düşýär. Olar diploma mynasyp bolýarlar.
Habyp Mämmetýarow diňe bir ussat artist bolmak bilen çäklenmän, ol ýaşlara halypa hem bolýar. Ussat artist diňe bir operalarda ariýalary aýtmak bilen çäklenmän, eýsem, romanslary hem jana ýakymly, labyzly ses bilen diňleýjä ýetirmegi başardy. Onuň aýdan «Göwnüm seni», «Düýe çaly», «Saňa näm boldy?», «Sapar çaýçynyň aýdymy» ýaly aýdymlary radioda we telewideniýede ýaňlanyp durýar.
Türkmen opera sungatynyň düýbüni tutanlaryň biri, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» Habyp Mämmetýarow manyly ömri ýaşady, halkyň söýgüsine, hormatyna mynasyp boldy. Onuň ady milli opera sungatymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.