Berdinazar Hudaýnazarow


Berdinazar Hudaýnazarow

(1927–2001)



Şahyr Berdinazar Hudaýnazarow 1927-nji ýylyň 15-nji aprelinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak geňeşliginde (öňki Aşgabat oblastynyň Aşgabat raýonynyň Gyzylsakal geňeşligi) eneden dogulýar. Onuň çagalyk ýyllary agyr uruş ýyllaryna gabat gelýär. Olaryň maşgalasy 1940-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Kerki etrabyna göçýär. Berdinazar Hudaýnazarow 1955-nji ýylda Kerki şäherindäki 4-nji orta mekdebi, 1959-njy ýylda öňki SSSR Ýazyjylar Birleşiginiň ýanyndaky Ýokary Edebiýat kursuny tamamlaýar. Ol mekdepde okap ýörkä, zähmet ýoluna başlamaly bolýar. 1943–1944-nji ýyllarda onuň ilkinji goşgulary çap edilýär.

Berdinazar Hudaýnazarow 1943-1946-njy ýyllarda Kerki etrabynyň şol wagtky «Gyzyl baýdak» daýhan birleşiginde tabelçi, 1946-1947-nji ýyllarda şol wagtky Kerki oblastynyň «Täze ýyl» gazetiniň edebi işgäri, 1947-1950-nji ýyllarda Kerkiniň «Pagtaçynyň sesi» gazetiniň edebi işgäri, redaktoryň wezipesini ýerine ýetiriji, 1950-nji ýylda «Sowet Türkmenistany» (häzirki «Türkmenistan») gazetiniň edebi işgäri,1950-1954-nji ýyllarda döredijilik işinde, 1954-1955-nji ýyllarda «Wodstroýewes» gazetiniň gezme habarçysy, 1955-1957-nji ýyllarda döredijilik işinde, 1957-1959-njy ýyllarda SSSR Ýazyjylar Birleşiginiň ýanyndaky Ýokary Edebiýat kursunyň diňleýjisi, 1959-1961-nji ýyllarda döredijilik işinde, 1961-1962-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetiniň bölüm müdiri, 1962-1968-nji ýyllarda «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň şygryýet bölüminiň müdiri, 1968-1991-nji ýyllarda döredijilik işinde, 1991-1992-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar Birleşiginiň hormatly başlygy, 1992-2001-nji ýyllarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky baýragynyň bermek baradaky komitetiň başlygy wezipelerinde işleýär.

B.Hudaýnazarow 1970-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, 1984-nji ýylyň 21-nji dekabrynda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy», 1992-nji ýylyň 8-nji aprelinde «Aşgabat şäheriniň hormatly raýaty», 1993-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly, 1994-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, 1996-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» ýubileý medaly, 1997-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni, 1999-njy ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni ýaly ençeme döwlet sylaglaryna mynasyp bolýar.

B.Hudaýnazarow «Gumlular», «Akar suwuň aýdymy», «Gara çägäniň ogullary», «Suwuň ysy» ýaly romanlaryň, «Gyzgyn sähra», «Perzent», «Wesýet», «Ata we ogullar», «Syýahat» atly poemalaryň, «Haşar», «Meniň Alabaýym», «Goňşular» atly powestleriň we başga-da ençeme eserleriň awtorydyr.