Hojadurdy Annaýew


Hojadurdy Annaýew
(1918-2010)



Hojadurdy Annaýew 1918-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Nohur obasynda eneden dogulýar. Ol heniz dogduk mekany bolan Nohurda mal bakyp ýörkä, daga dyrmaşyp, çopan taýagyna söýenip, hiňlenmäni gowy görüpdir. Soň-soňlar obada toýlara gatnaşyp aýdym aýdyp öz obadaşlarynyň alkyşlaryny alypdyr. Ol oglanlykdan saýlanandan soň Aşgabada gelip, oba hojalyk ugrundan okuwa girýär. Ýöne Hojadurdy Annaýewiň aýdym-saza, opera bolan höwesi hiç wagt ýüreginden çykmaýar. Şol höwesi bilen hem ol Aşgabat şäherinde ýerleşýän aýdym-saz studiýasyna okuwa girýär.
Onuň inçeden çekimli sesi studiýanyň mugallymlaryna ýaraýar. Hojadurdy Annaýew okuwyny tamamlanyndan soň, Beýik Watançylyk urşunyň edil öňüsyrasynda Aşgabat şäherinde açylan opera we balet teatryna işe girýär. Ol ilki bilen teatrda esasy partiýalary ýerine ýetirýär. Soňra bolsa, Hojadurdy Annaýew teatryň sahnasynda ilkinji gezek «Bagşynyň ykbaly» atly operasynda Öweziň keşbini ýerine ýetirýär. Onuň bu operada ýerine ýetiren keşbi tomaşaçylaryň uly söýgisini gazanýar. Ol 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, Watana sag-aman dolanyp gelenden soň, ýene-de teatra işe gelýär.
Hojadurdy Annaýew 1946-nji ýylda Nurmuhammet Andalybyň «Leýli-Mežnun» dessanynyň esasynda Ýuiliý Meýtus bilen Daňatar Öwezowyň ýazan operasyndaky baş keşbi bolan Mežnunyň keşbini janlandyrýar. Şonda ilki bilen Mežnunyň keşbini zehinli opera aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýew, soňra bolsa, Hojadurdy Annaýew ýerine ýetirýärler. «Şasenem-Garyp» operasynda Hojadurdy Annaýewiň ýerine ýetiren Garybyň keşbi hem tomaşaçylaryň söýgüli sahna gahrymanlarynyň hataryna girýär. Hojadurdy Annaýew 1955-nji ýylda Moskwada türkmen edebiýatynyň we sungatynyň ongünligi geçirilende, «Şasenem-Garyp» operasynda özüne ynanylan keşbiniň ruhuna girip, gahrymanynyň mertlik, edermenlik häsiýetini tomaşaçylara doly açyp görkezmekligi başarýar.
Ussat opera aýdymçysy Hojadurdy Annaýew bulardan başga-da teatryň sahnasynda «Ýewgeniý Onegin», «Çio-Çio-San», «Görogly», «Arşyn mal alan», «Maýsara» ýaly operalarynda tomaşaçylaryň ýadyndan çykmajak keşplerini döredýär. Ol döreden keşpleriniň her haýsysyna sahnada özboluşly öwüşgin bermegi başarýar. Hojadurdy Annaýew türkmen milli opera sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan ussatlaryň biridir. Onuň döreden keşpleri türkmen opera sungatynyň taryhynda ýitmejek yz bolup galdy. Hojadurdy Annaýew ömrüniň ahyryna çenli türkmen opera sungatyna wepaly gulluk edýär. Onuň teatryň sahnasynda ussatlyk bilen ýerine ýetiren keşpleri şu günki gün tomaşaçylar köpçüliginiň aňynda ýaşaýar.
Teatr sungatynda bitiren hyzmatlary üçin sahna ussady Hojadurdy Annaýewe «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakyldy.