Ogultäç Hanyýewa
Ogultäç Hanyýewa 1952-nji ýylyň 2-nji aprelinde Aşgabat şäherinde eneden bolýar. Aşgabat şäherindäki 3-nji orta mekdebi gutarýar. Ol 1969-1973-nji ýyllar aralygynda Moskwanyň M.S.Şepkin adyndaky ýokary teatral institutynda drama teatrynyň we kinonyň artisti hünäri boýunça okaýar. Okuwyny tamamlandan soň, 1973-nji ýyldan öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda artist wezipesinde işläp başlaýar. 1977-2001-nji ýyllaryň aralygynda Aman Gulmämmedow adyndaky Türkmen döwlet ýaş tomaşaçylar teatrynda artist wezipesinde işleýär. 2001-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti wezipesinde işleýär.
Ogultäç Hanyýewa teatryň sahnasynda dürli ýyllarda B.Abdullaýewiň «Durnalar» spektaklynda Sonanyň, H.Derýaýewiň «Ykbal» spektaklynda Uzukjemalyň, B.Seýtäkowyň «Gyz salgydy» spektaklynda Annagülüň, G.Muhtarowyň «30-njy ýyllar» spektaklynda Sähranyň, M.Karimiň «Aýgülistan» spektaklynda Aýgülüň, A.Kakaýewiň «Hakyda» spektaklynda Amangül ejäniň, G.Muhtarowyň «Agtyklam bolsa öýlenjek» spektaklynda Jahanyň, G.Daňatarowyň «Söýgi hem hasrat» spektaklynda Mejnunyň ejesi Zeýnep beg hatynyň, M.Ömüriň «Bir ojakda iki dünýä» spektaklynda Selbiniň, B.Batyrowyň «Ynam! Umyt! Söýgi!» spektaklynda Altynyň ejesi Dürliniň, G.Daňatarowyň «Päk söýgüniň güýji» spektaklynda Şuşu daýzanyň, G.Muhtarowyň «Şeýtan zürýatlary» spektaklynda Jahanyň, G.Daňatarowyň «Garajaoglan» spektaklynda Garaja oglanyň ejesi Hatyjanyň, G.Daňatarowyň «Törebeghanym» spektaklynda enekäniň, G.Kakabaýewiň «Watan hakynda üç aýdym» spektaklynda enäniň, G.Kakabaýewiň «Ýurt» spektaklynda enäniň, G.Kakabaýewiň «Ýagtylanan köňüller» spektaklynda Amangözel ejäniň, G.Daňatarowyň, K.Atabaýewiň, A.Rahymowyň «Şasenem-Garyp» spektaklynda Şasenemiň ejesi Şa zenanyň, G.Muhtarowyň «Allan aganyň maşgalasy» spektaklynda Ýazgülüň, G.Daňatarowyň «Binýat» atly sahna oýnunda Aýmamanyň keşplerini ussatlyk bilen döretdi.
Ogultäç Hanyýewa çeper filmlerde, şeýle hem teleoýunlarda birnäçe keşpleri döredip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Ol K.Gurbannepesowyň «Ata we ogul» atly teleoýnunda Garagyzyň, Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň önümi bolan «Ýok diýmäni başar» filminde Ogultäjiň, «Ykbal ýollary» filminde Soltanyň, «Umyt mukamy» filminde Arzuwyň ejesiniň, «Zyýada» filminde enäniň keşplerini janlandyrdy.
Ogultäç Hanyýewanyň çeken zähmetleri göz öňünde tutulyp, oňa 1989-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar berildi. 2009-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna», 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medallary bilen sylaglanýar.