Durdy MAGTYMOW


Durdy MAGTYMOW



Durdy Magtymow 1925-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde eneden doguldy. 1942-nji ýylda ol Türkmenbaşy şäherindäki 2-nji orta mekdebi gutardy.
Ol zähmet ýoluny Nohur obasynda mugallymçylykdan başlady. Ol Aman Gulmämmedowyň goldawy bilen 1945-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky studiýasynda okaýar we teatrda zähmet ýoluna başlaýar. Onuň ilkinji ýerine ýetiren keşbi “Zöhre-Tahyr” dramasynda Moýsepit serdaryň keşbi bolýar. Ol bu keşbi gaty ýokary derejede döredýär. Şunlukda D.Magtymow turuwbaşdan tomaşaçylaryň halaýan artistleriniň biri bolmagynda galýar. Zehinli artist N.Pogodiniň “Kreml kuranty” sahna oýnunda Zabeliniň agyr hem çylşyrymly keşbini uly ussatlyk bilen döredýär. Soňra D.Magtymow “Zöhre-Tahyr” dramasynda Moýsepidiň keşbini ýerine ýetirdi.
Ol B.Amanow bilen G.Burunowyň “Keýmir kör” spektaklynda Aýly batyryň, B.Amanowyň “Hazynalar adasy” oýnunda nebitçi Kasymbeg Gajinskiniň, N.W.Gogolyň “Derňewçi” oýnunda şäher häkiminiň kömekçisi Uhowertowyň, G.Muhtarow bilen A.Nazarowyň “General Kulyýew” dramasynda Trigubowyň, G.Muhtarowyň “30-njy ýyllar” oýnunda baý ogly Çerkeziň, H.Derýaýewiň “Ykbal” oýnunda pristawynyň, W.Şekspiriň
“Romeo-Žulýetto” oýnunda ýurt häkimi Eshalyň, “Otello” oýnunda Mantanyň, Hamza Hekimada Nyýazynyň we A.Kahharyň dramalaryndaky garyp Gapuryň, ýaranjaň Maruseliň unudylmajak keşplerini döretdi we tomşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.
Durdy Magtymow “Baý we batrakda” Gapuryň, “Agyryly dişde” Marasulanyň, “Iki hojaýynyň hyzmatkärinde” Brigelleriň, “Zöhre-Tahyrda” Wahydyň, “Hüýrlukga-Hemrada” Ahmediň, “Garagumda” Glebowyň, “Faraonda” Genki-Gawrigiň, “Magtymgulyda” Anzaryň, “Üç çynarda” baý ogly Möwlamyň keşbini janlandyrdy. Durdy Magtymowyň döredijilik repertuary daşary ýurt nusgawy, şeýle hem türkmen dramaturglarynyň sahna eserleri esasynda sahnada goýlan spektakllardaky döredilen keşpler bilen baýdyr. Onuň döreden haýsy bir gahrymanyny alyp görseň-de, ol beýleki bir döredilen keşpden pes däl. “Baý we batrak” spektaklyndaky baş gahryman Gafur, “Hazynalar adasyndaky” Kasymbeg, “Ene Kulyýewadaky” Dianow, “Mollanepesdäki” Magtym işan ýaly gahrymanlar artistiň zehin eleginden geçip, tomaşaçylar köpçüligine hödürlenen keşplerdir.
Durdy Magtymow 1952-nji ýyldan başlap Türkmenistanyň Milli teleradiokompaniýasynda taýýarlanylýan radiooýunlara, şeýle hem türkmen diline geçirilýän kinofilmlere hem gatnaşýar. Ol Türkmenistanyň medeniýetini, sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin 1964-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly adyň eýesi bolýar.