Kakadurdy Täjimow
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk artisti, halypa bagşy Kakadurdy Täjimow 1956-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda dogulýar. K.Täjimow 1978-nji ýylda öňki Türkmen döwlet pedagogik sungat institutyny tamamlaýar. Ýaşlykdan özüniň mahmal sesi bilen halkyň söýgüsini gazanyp başlaýar. K.Täjimowyň repertuarynda öz döreden ajaýyp aýdymlary, halk aýdymlary bilen birlikde estrada aýdymlary hem uly orun eýeleýär. Halypa aýdymçy birnäçe daşary ýurtlarda, ýagny, Wengriýa, Germaniýa Federatiw Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Türkiýe Respublikasy, Hindistan Respublikasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Eýran Yslam Respublikasy, Saud Arabystany Patyşalygy, Özbegistan Respublikasy, Katar ýaly döwletlerde bolup, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda uly işleri bitirýär.
K.Täjimow ilki «Türkmenistanyň at gazanan artisti», soňra «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly atlara, şeýle-de «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragy» medaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan» ýubileý medaly, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy» ýubileý medaly ýaly döwlet sylaglaryna eýe bolýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi bolýar.
K.Täjimowyň «Arkadag», «Arkadag bilen», «Parlasyn baýdagym», «Mähriban Diýar» ýaly aýdymlarynda asuda Watanymyz, agzybir halkymyzyň eşretli günleri, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan il-ýurt bähbitli bimöçber işleri belentden wasp edilýär.
«Nurana aý», «Gelin-gyzlar», «Ene ýüregi», «Armanly», «Göresim gelýär» «Läläm», «Seniň üçin», «Gyzlar», «Aperin», «Maýagözel», «Bibiniň», «Gyzlar gülende», «Kakan gyz» ýaly aýdymlary bolsa halkymyzyň höwes bilen diňleýän aýdymlaryna öwrüldi.
K.Täjimow ýaş zehinleriň ýetişmeginde zähmetini gaýgyrmaýar. Ol häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň N.Saryhanow adyndaky 6-njy orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymy bolup işleýär.