Çary AŞYROW (1910-2003)


Çary AŞYROW (1910-2003)



Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrow 1910-njy ýylda Aşgabat şäheriniň Köşi obasynda dünýä inýär. 1922-nji ýyldan başlap çagalar öýünde okaýar we terbiýelenýär. Ol 1929-njy ýylda Aşgabadyň Mugallymçylyk tehnikumyny, 1933-nji ýylda Aşgabatdaky Ylmy-barlag mugallymçylyk institutynyň taýýarlyk bölümini tamamlaýar. 1937-1956-njy ýyllarda Türkmen döwlet neşirýatynda dürli wezipelerde – terjimeçi, redaktor, uly redaktor, bölüm müdiri, baş redaktor wezipelerinde işleýär. 1958-nji ýyldan başlap ozalky “Tokmak” žurnalynyň baş redaktory wezipesinde işleýär.
Çary Aşyrow 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşant goşýar.
Çary Aşyrow döredijilik işine 1928-nji ýylda başlaýar we türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşýar.. Ýazyjynyň “Yzçy”, “Ekizler”, “Garry serdar”, “Göreş” ýaly uly göwrümli kyssa eserleri okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazandy.
Çary Aşyrow türkmen edebiýatynda terjime žanrynyň hem ösmegine mynasyp goşant goşýar. Türkmen okyjylary rus hem dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleri Nekrasowyň, Gogolyň, Çehowyň, Lermontowyň, Krylowyň, Maýakowskiniň, Şewçenkonyň, Marşagyň, Pawlenkonyň birnäçe eserleri bilen Çary Aşyrowyň çeper terjimeleri esasynda tanyşdylar. Onuň “Ýaş kilwanyň ýalňyşy”, “Oraz we Nury”, “Aýralyk”, “Serhetde”, “Kadyr” “Ganly saka”, “Lalyň ogly”, “Gökýaýlanyň ýigitleri” atly poemalary türkmen edebiýatynda uly orun tutdy.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy bilen ýazyjynyň döredijiligi has-da giňäp başlaýar. Onuň Garaşsyz Türkmenistan hakynda ýazan makalalary okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar.
Türkmen edebiýatynyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin ýazyjy Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda “Watana bolan söýgüsi üçin”, “Gaýrat” medallary bilen sylaglandy.
Ussat ýazyjy hem terjimeçi Çary Aşyrow 2003-nji ýylda aradan çykdy.