Çary Amangeldiýew


Çary Amangeldiýew

(1933-2019)



Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýew 1933-nji ýylyň 5-nji iýulynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Güwlem obasynda dünýä inýär. 1947-1951-nji ýyllarda Aşgabadyň ýörite çeperçilik mekdebini tamamlaýar.

1959-1965-nji ýyllarda W.I.Surikow adyndaky Döwlet çeperçilik institutynyň nakgaşçylyk bölüminde okaýar. Ol çagalyk ýyllaryndan başlap diňe etýud, peýzaž çekýärdi. Ol okuwyndan soň Moskwanyň Puşkin adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Tretýakow adyndaky Döwlet galereýasynda we Gündogar halklaryň sungaty muzeýinde wagtynyň köp bölegini geçirip şol ýerde ussatlaryň döreden eserlerini öwrenýärdi. Ol köp işleýärdi. Onuň talyp ýoldaşlary bir iş döretse ol iki iş döredýärdi. Ç.Amangeldiýewiň eserleri özboluşly reňk sazlaşygy bilen tapawutlanýar. Nakgaşçylygyň dili we sýužet şeýle bir baglanşykly welin tomaşaça onuň eserlerini gaýta-gaýtadan synlamazlyk mümkin däl. Onuň eserleri diňe ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurt muzeýleriniň sergi zallaryny bezeýär.

Çary Amangeldiýew 1957-nji ýyldan başlap öz eserleri bilen döwlet we halkara derejesinde geçirilýän çeperçilik sergilerine gatnaşdy. Birnäçe gezek şahsy sergilerini gurnady. Ç.Amangeldiýewiň döredijiliginde portret hem-de tematiki eserler esasy orny eýeleýär. «Bagşy Orazgeldi Ylýasowyň portreti» atly eserinde suratkeş reňk we taslama çözgüdini ussatlarça çözüp, belli bir ýeke keşbiň üsti bilen uly ruhubelentlik derejesine çenli ýetirýär.

Çary Amangeldiýew öz döredijiliginde Türkmenistanyň baýry ýazyjylarynyň, suratkeşleriniň, sazandalarynyň we bagşylarynyň portretlerini döretdi. «Ýaşuly nesil ýazyjylaryň toparlaýyn portreti», «Sahy Jepbarow», «Çuwal bagşy ýolda», «Akademik Smirnowyň portreti» we birnäçe gahrymanlar özleriniň aýdyň keşpleri bilen tapawutlanýar. Ç.Amangeldiýew öz döredijiliginde taryhy şahslaryň keşplerine hem ýüz tutýar. Ol öz döredijiliginde 30-dan gowrak taryhy şahslaryň keşbini döretdi. Olardan: «Baýram han» (1991), «Tomiris» (1996), «Ärsak beýik Parfiýa döwletini dörediji» (1997), «Abdyrahman han» (1998), «Rodoguna» (2000), «Togrulbeg» (2000), «Oguzhan» (2001), «Alp Arslan Türkmen» (2001), «Ärsary baba» (2001), «Attilla» (2002), «Jelaleddin Meňburun» (2003). Bu taryhy şahsyýetleriň keşpleri açyk we takyklygy bilen tapawutlanýar. Çary Amangeldiýew 1972-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna, 1984-nji ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, 1993-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi diýen hormatly atlara, 1996-njy ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň Bäşim Nuraly adyndaky baýragyna eýe bol¬dy. 1998-2004-nji ýyllarda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň dosenti bolup zähmet çekýär..

Ussat suratkeş Argentina, Bolgariýa, Eýran, Mongoliýa, Turkiýe, Ýaponiýa ýaly döwletlerde iş saparlarynda bolýar.
Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň eserleri Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Moskwanyň Tretýakow adyndaky Döwlet galereýasynda, Russiýanyň Gündogar halklarynyň sungaty muzeýinde hem-de birnäçe şahsy toplumlarda saklanylýar.