Maksatmyrat Hydyrow


Maksatmyrat Hydyrow



Maksatmyrat Hydyrow 1963-nji ýylyň 30-njy maýynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mehinli geňeşliginde doguldy. Ol 1989-njy ýylda Ş.Rustaweli adyndaky gruzin döwlet teatr institutyny tamamlap, Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynda döredijilik ýoluna başlady.
M.Hydyrow teatryň sahnasynda onlarça keşpleri ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Kino sungatynyň muşdaklary hem Maksat Hydyrowyň janlandyran onlarça kino keşplerine höwes bilen tomaşa edýärler. Onuň telewizion ekranynda alypbaryjy höküminde çykyş eden gepleşikleri teletomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Ýurdumyzyň şanly senelerine bagyşlanan, taýýarlanylýan edebi-sazly kompozisiýalarda M.Hydyrowanyň çykyş etmegi onuň aktýorçylyk ussatlygynyň köp taraplylygyna güwä geçýär.
Maksatmyrat Hydyrowyň her bir janlandyran keşpleri özüniň çeper dogruçylylygy, durmuş hakykatyna ýugrulanlygy bilen tapawutlanýar.
M.Hydyrow teatryň sahnasynda «Demir aýal» spektaklynda mollanyň, «Gelinler» spektaklynda Kämiliň, «Giýewleriň bäsleşigi» spektaklynda Genjibaýyň, «Medeýa» spektaklynda Ýasonyň, «Sakawyň soňuna seret» spektaklynda Nazaryň, «Gala» spektaklynda Atalygyň, «Hazyna» spektaklynda başlygyň, «Aşyklyk spektaklynda Rejebiň, «Kepderi» spektaklynda Laçynyň, «Bazar agaň nesilleri» spektaklynda Nazaryň, «Bakylyk binýady» spektaklynda Alp Arslanyň, «Söýüň gara gözlerim» spektaklynda Nesibiň, «Watannama» spektaklynda Hojakga serdaryň, «Mollanepes» spektaklynda Babahanyň, «Jelaleddin» spektaklynda Gaharguly hanyň, «Nejep oglan» spektaklynda Ziber begiň, «Bakylyk binýady» oýnunda Musanyň, «Oguz oýny» spektaklynda Gaharjaň diwananyň, «Ýusup-Züleýha» spektaklynda Ýusubyň, «Dutaryň owazy» atly sahna oýnunda Hanyň keşplerini döretdi.
Maksatmyrat Hydyrow kino sungatynda hem tomaşaçylaryň söýgüli artistleriniň biridir. Ol Oguzhan adyndaky «Türkmefilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen «Ýusup – Ahmet», «Kasam edýäris», «Bagt guşy», «Kalbymyň owazy», «Gökderäniň aýdymy», «Garagumyň bürgütleri», «Täze jaý», «Laçyn» atly çeper filmlerde ýatdan çykmajak keşpleri janlandyrdy.
M.Hydyrowa 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen at berildi.