Goçmyrat BEKIÝEW (1965–2010)


Goçmyrat BEKIÝEW (1965–2010)



Goçmyrat Bekiýew 1965-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde eneden dogulýar. Ol drama we kino aktýory, režissýor.

Goçmyrat Bekiýew 1990-njy ýylda Moskwanyň M.S.Şepkin adyndaky ýokary teatr sungaty institutyny tamamlady. Şeýle hem ol 1992–1994-nji ýyllarda Moskwanyň M.S.Şepkin adyndaky ýokary teatr sungaty institutynda ýokary režissýorlyk kursunda okady. Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasynda artist bolup zähmet ýoluna başlady. Ol bu teatrda R.N.Güntekiniň «Amanat giýew» atly sahna oýnunda Şerifiň, Dostoýewskiniň «Jenaýat we jeza» atly oýnunda Roskolnikowyň keşbini ýerine ýetirdi. Sahna sungatyna özboluşly garaýşy, söz sungaty barada pikir ýöretmegi başarýan režissýor turuwbaşdan türkmen ýazyjylarynyň sahna eserleri bilen gyzyklandy. Onuň ilkinji şowly işleriniň biri G.Daňatarowyň «Kabyl bilen Habyl» dramasydyr. Režissýor bu eseri ilki Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky sazly drama teatrynda sahnalaşdyrdy. G.Bekiýew Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda režissýor hökmünde dürli žanra degişli sahna eserlerini – «Nusaý söýgüsi», «Seljuk söýgüsi» ýaly taryhy dramalary, «Yşgyň gämisi», «Yşgyň gämisi kenarda», «Deňiz guşum» ýaly dramalary, «Süýji durmuşyň gapysy» ýaly komediýalary goýýar. Ady agzalan spektakllarda teatr artistleriniň onlarçasy ösüp ýetişdi. G.Bekiýew Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda «Alhimik» atly monospektakly, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda «Nesip etse äriňdirin» atly komediýany, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda «Gyz ömri–gylsyrat» atly tragediýany, çagalar üçin sahna eserlerini hem sahnalaşdyrdy. Onuň sahnalaşdyran eserleri özboluşlylygy bilen tapawutlandy. G.Bekiýewiň režissýorlyk usulynda her bir eseriň awtory bilen ýakyndan işleşmek, gahrymanlaryň sahna eserindäki sözleri, gepleşikleri dogry hem aýdyň aýtmaklaryny gazanmak, sahnada hereketleri ynandyryjy görkezmek, wakalaryň yzygiderliligini saklamak, eseriň kompozisiýasyny ykjam guramak, mizanssenalary, trýuklary täsirli gurnamak agdyklyk etdi.

Zehinli režissýoryň sahnalaşdyran spektakllaryna tomaşa edeniňde onuň spektakl üçin gerekli bolan sungat we tehniki serişdeleriniň birini hem ünsden düşürmändigi görünýär. Onuň sahnada goýan spektakllarynda lybaslar, sahna bezegleri, saz, aýdymlar, sahnanyň yşyklandyrylyşy hem ýerbe-ýer goýulýar. Režissýora sahnada suratkeş, kompozitor, awtor we aktýorlar, garaz, sahna sungatyna degişli adamlaryň hemmesi bilen sazlaşykly işlemek başardýar. G.Bekiýewiň sahnalaşdyran eserleri daşary ýurtlaryň teatr söýüjilerine hem ýetirildi. Onuň goýan «Kabyl bilen Habyl», «Nusaý söýgüsi» ýaly eserleri bilen Alp Arslan adyndaky milli drama teatry Türkiýede, Gazagystanda, Russiýa Federasiýasynda birnäçe gezek çykyş edip, halkara teatr festiwallarynyň laureatlary boldular. G.Bekiýew Gazagystanyň rus drama teatrynda çagalar üçin «Nolluk» atly spektakly hem üstünlikli sahnalaşdyrdy.