Akmyrat BÄŞIMOW (1937-1979 ý.ý.)
Akmyrat Bäşimow 1937-nji ýylyň 11-nji awgustynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda eneden doguldy.
Ol orta mekdepde okaýarka, drama gurnagyna gatnaşýar. “A.Durdyýewiň “Pul” atly bir aktly sahna oýnunda A.Bäşimow aýalyň keşbini oýnaýar we özünde artistlik zehininiň bardygyny äşgär edýär. Ol orta mekdebi tamamlap, 1955-1957-nji ýyllar aralygynda Marynyň lukmançylyk mekdebinde okaýar.
Okuwy tamamlandan soň, Aşgabat şäherindäki arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynda işleýär.
A.Bäşimow 1963-nji ýylda kinoda surata düşüp başlady. Ol B.Gurbanowyň çagalar üçin sahnalaşdyran “Bilbiljik” atly oýunda kiçiräk keşbi janlandyrýar. A.Bäşimowyň döreden bu ilkinji keşbi jüpüne düşýär. Soňra ol sahna ussady, režissýor A.Garlyýew özüniň sahnalaşdyran “Jik-jiki” oýnunda çaýçynyň keşbini tabşyrýar. Ilkinji ädimleriň uly bolmadyk, emma örän ähmiýetli üstünligi artiste ganat bekledi, täze-täze üstünliklere çagyrdy.
Akmyrat Bäşimowyň kino sungatynda ilkinji ýerine ýetiren keşbi režissýor T.Sabyrowyň düşüren “Şasenem-Garyp” atly çeper filminde patyşanyň nökeriniň keşbi bolýar. Onuň bu filmde döreden keşbi bada-bat ussat sungat işgärleriniň gözüne ilýär. Şondan soň A.Bäşimow yzly-yzyna filmlerde surata düşmäge çakylyk alýar. Onuň çeper filmlerdäki keşplerde A.Bäşimowyň artistlik zehini has dolulygy bilen ýüze çykdy.
Ol dürli ýyllarda 30-dan gowrak filmlerde ululy-kiçili keşplerde çykyş edýär. Olardan “Aýgytly ädim”, Şasenem-Garyp”, “Ýartygulak”, “Japbaklar”, “Guşgy galasy”, Meniň dostum Meleguş”, “Döwranyň başdan geçirenleri”, “Ölüm ýokdur oglanlar”, “Laçyn”, “Çöllük”, “Bortuň aňyrsyndaky adam”, “Ýanýan arabanyň ýoly”, “Horaz”, “Maşyn gaçdy” atly çeper filmlerde birnäçe keşpleri döretdi. Akmyrat Bäşimow täjik kinostudiýasy bilen döredijilik gatnaşykda bolup, ol “Ak roýal”, “Gullar” atly filmlere gatnaşyp, täsirli keşpleri döretdi. Özbek, gazak kinoçylarynyň döreden birnäçe filmlerine hem gatnaşdy we giň tomaşaçylar köpçüliginiň söýgüsini gazandy. Onuň janlandyran keşplerinde özboluşly üýtgeşik täsin gülki bar. Şu babatda onuň “Aýgytly ädim” atly çeper filminde döreden Pökgi walasynyň, “Laçyn” atly çeper filminde döreden Gulam çaýçynyň keşpleri A.Bäşimowa şöhrat getirýär we bu nusgawy keşpler üçin ol 1981-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Halkara baýragyna mynasyp bolýar. “Aýgytly ädim” atly çeper filminde döreden Pökgi walasynda mekir, nadan adamy özüniň bütin bolşy bilen, tebigy ýagdaýynda doly suratda açyp görkezýär.
Şonuň ýaly-da Akmyrat Bäşimow terjimeçilik sungatyndan hem başy çykýan zehinli artist bolýar. Ol “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň dublýaž bölüminde-de 80-e golaý filmi türkmen diline geçirmekde özüniň saldamly goşandyny goşdy. A.Bäşimow döredijilik güýçleriniň gülläp ösýän döwründe aradan çykdy.
Onuň “Bars” hem “Ýürege ýetýän şöhleler” filmlerindäki keşpleri gutarylman galdy. Hormatly Prezidentimiz ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň, halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlaryny, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmetini, joşgunly zehinini nazara alyp, şeýle hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli, Akmyrat Bäşimowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakdy.