Gulmyrat Agabaýew


Gulmyrat Agabaýew



Gulmyrat Agabaýew 1933-nji ýylyň 10-njy fewralynda Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda dünýä inýär. Orta mekdebi tamamlandan soň, ol 1954-nji ýylda öňki Aşgabatdaky medeni-aň bilim tehnikumyna girýär. Ol bu ýerde medeni çäreleri guramak, kino we teatr sungatyny wagyz etmek işlerini öwrenýär. 1956-njy ýylda Gökdepe etrabynyň Babarap obasynyň Medeniýet öýünde zähmet ýoluna başlady. 1958-nji ýylda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungatyny institutynyň talyby bolýar. Ol instituty 1963-nji ýylda tamamlap gelenden soň, Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatrynda işe başlady. Ol ilki teatrda döredilýän spektakllaryň köpçilik sahnalarynda çykyş edýär. Şol bir wagtyň özünde G.Muhtarowyň «Täsin tebip», A.Korneýçugyň «Kalina jeňňeligi», A.Illowaýskiniň «Çanduwyň başdan geçirenleri» spektakllarda dürli keşplerde çykyş edýär.

1964-nji ýylda ozalky A.Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynyň täzeden dikeldilmegi bilen G.Agabaýew bu teatra işe gelýär. G.Agabaýew şol ýyllarda teatrda sahnalaşdyrylan I.Popowyň «Maşgala» oýnunda uly gözegçiniň, G.Muhtarowyň «Täsin tebip» oýnunda şanyň, K.Goldoniniň «Kojidäki dawa-jenjeller» oýnunda balykçy Padron Wissonsonyň, A.Nazarow bilen H.Annamämmedowyň «Ökünç» spektaklynda Ussa aganyň, A.Illowaýskiniň «Çanduwyň başdan geçirenleri» spektaklynda Keku Banýanyň, G.Gurbansähedowyň «Hang» oýnunda Pol Roýuň, B.Kerbabaýewiň «Bu nähili beýle bolýar» spektaklynda Süleýmanowyň, M.Karimiň «Aý tutulan gijesi» oýnunda Diwananyň we başga-da birnäçe ýatda galyjy keşpleri döretdi. Onuň teatryň sahnasynda jemi döreden keşbi 200-e golaýlaýar.

Gulmyrat Agabaýew dürli ýyllarda ondan gowrak çeper filmlerde hem ýatda galyjy keşpleri döredip, türkmen kino sungatynyň ösmegine önjeýli goşant goşdy. Teatr we kino sungatyndaky bitiren hyzmatlary üçin G.Agabaýewe 1989-njy ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlary dakyldy.