Täşli Gurbanow


Täşli Gurbanow
(1934 – 1984)



Täşli Gurbanow 1934-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. Häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Ýazyjy Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Merkezi Komitetinde, «Edebiýat we sungat» gazetiniň, «Türkmenistan kommunisti» žurnalynyň baş redaktory wezipelerinde işleýär. Türkmenistan Ýazyjylar birleşiginiň başlyklygyna, Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň deputatlygyna saýlanýar. T. Gurbanow zehinli ýazyjy, başarjaň ýolbaşçy hökmünde türkmen edebiýatynyň ösmegine uly goşant goşýar. Ýazyjynyň proza eserleri şahyranalygy, akgynlylygy bilen tapawut-lanýar. T. Gurbanow B. Kerbabaýewiň, N. Saryhanowyň, A. Durdyýewiň hekaýa, nowella döretmek däplerini dowam etdirýär. T.Gurbanowyň «Ýaz damjalary» (1962) atly ilkinji hekaýalar ýygyndysy edebiýatymyza özboluşly bir zehiniň gelip goşulandygynyň buşlukçysy boldy. Ýazyjynyň «Tylla ýüzük» (1964) atly ikinji hekaýalar ýygyndysy hem okyjylaryň göwnünden turdy. Bu ýygyndyda onuň kyssada kämilleşendigi mese-mälim duýulýar. Ýazyjy kitapda ýerleşdirilen «Tylla ýüzük» hekaýasynda adamyň gylyk-häsiýetlerini iňňän täsirli açyp görkezýär. Salawatyň keşbi has özüne çekiji. Onuň keşbinde ajy gülkini-de, mylaýym ýumory-da görmek bolýar. Ýazyjynyň «Iň soňky damja» hekaýasynda myhmanhanada işleýän Bibi eje öz işinde uly jogapkärçilik duýýar. Ol ýürek kesellidigine garamazdan janyny howp astynda goýup, iň sonky dermanyny ölüm bilen ýaka tutuşýan myhmana berip, ony halas edýär. Gülsoltan ejäniň adamkärçiligi, ene ýüregi okyjyda güýçli täsir galdyrýar. Ýazyjynyň «Täçmahal», «Nilam» ýaly hekaýalarynda dostlukly hindi halkynyň durmuşyndan söz açylýar. Bu hekaýalarda sada hindi ýigidi Mahtabyň, aýdymçy gyz Nilamyň tolgundyryjy keşpleri döredilipdir. Ýazyjynyň «Galoşly adam» hekaýasy uruş döwründe tylda bolan wakalar hakda. T. Gurbanow ençe powestleriň awtorydyr.
Ýazyjy «Söýgi güli» powestiniň gahrymanynyň ugurtapyjylygyny, täsirli suratlandyrmagy başarýar. T. Gurbanow powestlerinde ýaşlary öz bagty ugrunda göreşmäge çagyrýar. Ýazyjynyň «Armanym» powestinde hem ýaşlaryň söýgüsi gozgalýar. Ýazyjynyň «Torgaý» powestinde-de ýaş adamyň kemala gelşi hakda söz açylýar. Powestiň baş gahrymany oba oglany Aýly Permanow. Ol uniwersitetiň giriş synaglaryndan geçip bil-meýär. Emma arly-namysly oba oglany bu ýagdaý sebäpli ruhdan düşmeýär. Ol şäher gurluşykçylarynyň arasyna düşýär. Ençeme kynçylyklary, päsgelçilikleri ýeňip geçip, öz bagtyny tapýar. Ýazyjynyň çagalara bagyşlap döreden «Uzak ýyllar», «Dagda dikilen baýdak» powestleri çeper eserleriň bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp boldy. Ýazyjynyň «Uzak ýyllar» powestinde urşuň gazaply ýyllarynda tylda çagalaryň alyp baran işleri, isleg-arzuwlary, olary ýowuz döwrüň taplaýşy täsirli suratlandyrylýar.
T. Gurbanow meşhur sazanda Mylly Täçmyradowa bagyşlanan «Mukamlar başy» poemasyny döredýär. Onuň goşgularynyň ençemesine kompozitorlar tarapyndan saz döredilip, olar köpçüligiň söýüp diňleýän aýdymlaryna öwrüldi.
T.Gurbanow dramaturg hökmünde-de özüni tanatdy. Onuň «Ýürek ody», «Söýgi mertebesi», «Gara saçlar» atly pýesalary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Ýazyjynyň eserleri Moskwada rus dilinde ençeme gezek neşir edildi. Täşli Gurbanow rus ýazyjylary A. M. Gorkiniň, A. Tolstoýyň, A. Gaýdaryň we beýleki ýazyjylaryň birnäçesiniň eserlerini türkmen diline terjime etdi.