Çary MYRADOW (1920–1995)


Çary MYRADOW (1920–1995)



Çary Myradow 1920-nji ýylda Aşgabat şäherinde eneden dogulýar. Ol drama teatrynyň režissýory. 1967-nji ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri bolýar.

Çary Myradow 1941-nji ýylda Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň ýanyndaky teatr studiýasyny gutarýar .

Ol 1954–1958-nji ýyllarda Daşkendiň N.A.Ostrowskiý adyndaky teatr we çeperçilik institutynyň režissýorlyk fakultetinde okap, režissýorlyk hünärini ele alýar. Ç.Myradow ilki teatr studiýasyny tamamlanyndan soň, 1942–1950 nji ýyllarda ozalky Aman Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar, Kakadaky drama teatrynda, 1950–1954-nji ýyllarda Marynyň Kemine adyndaky drama teatrynda aktýor bolup, dürli keşpleri döredýär. Institutda alan bilimi, Daşkent teatrlarynyň spektakllary, ady belli režissýor A.Ginzburgyň ýolbaşçylygy bilen geçilen hakyky režissura mekdebi Ç.Myradowa uly çeperçilik baýlygyny berdi. Onuň instituty gutaryp, ilkinji goýan spektakly beýik hindi ýazyjysy R.Tagoryň «Heläkçilik» romany esasynda A.Ginzburgyň ýazan «Gang gyzy» dramasy boldy. Bu Ç.Myradowyň diplom spektaklydy. 1969–1977-nji ýyllarda Ç.Myradow Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda, Daşoguz sazly drama teatrynda işleýär. Režissýor türkmen teatrlarynyň sahnasynda «Gang gyzy», «Kökenli ýüzük», «Yşk mülküniň şasy» (Mollanepes), «Öýlenmek», «Maýsaranyň mekirligi», «Taýmaz baba», «Owadan», «Tribunal», «Köýten nalasy» ýaly ençeme spektakllary goýýar. Onuň sahnada goýan eserleri tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanylýar. Onuň döreden spektakllary özüniň taglym-mowzuk jähtden wajyplygy bilen tapawutlanýar. Režissýoryň şol döwürde sahnalaşdyran 18 sahna eserinden 10-synyň häzirki zaman mowzugyna bagyşlanandygy hem hut şoňa şaýatlyk edýär ylaýta-da onuň dramaturg T.Taganow bilen işleşmegi oňat netije berdi. Onuň S.Hojanyýazowyň sahna eseri esasynda goýan «Söýmedige süýkenme» spektaklynyň çözgüdi göwnejaý çykýar. Bu ýerde režissýoryň döredijilikli tapyndysy jüpüne düşýär. Teatryň repertuaryny dürli mowzuklara bagyşlanan oňat sahna eserleriň hasabyna baýlaşdyrmak maksady bilen, režissýor türkmen dramaturgiýasyndan başga-da doganlyk halklaryň dramaturgiýasyna hem ýüzlenýär. Olardan meşhur rus ýazyjysy N.W.Gogolyň «Öýlenmek», A.Arbuzowyň «Alty mähriban», özbek dramaturgy H.H.Nyýazynyň «Maýsaranyň mekirligi», täjik dramaturglary, Ş.Kyýamow bilen M.Perhadyň «Alty şaýy jerime» spektakllaryny görkezmek bolar. Şeýle hem Ç.Myradow dramaturg T.Taganowyň «Ganly gije» dramasyny sahnada üstünlikli goýdy. Ç.Myradow medallar hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň Hormat hatlary bilen sylaglandy.