Çary Işangulyýew


Çary Işangulyýew
(1949-2005 )



Çary Işangulyýew 1949-njy ýylyň 26-njy maýynda Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap geňeşliginde eneden bolýar. Ol 1965-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, Aşgabadyň G.Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna okuwa girýär. 1977-nji ýylda Moskwanyň M.Şepkin adyndaky ýokary teatr institutyny, 1986-njy ýylda Gruziýanyň Ş.Rustaweli adyndaky döwlet teatral institutyny medeni aň-bilim işgäri, drama we kino artisti, drama teatrynyň režissýory hünärleri boýunça tamamlady.
Çary Işangulyýew 1977-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti bolup zähmet ýoluna başlady. Onuň bu teatryň sahnasynda ilkinji oýnan keşbi – G.Muhtarowyň «30-njy ýyllar» spektaklynda Kör bagşynyň keşbi bolýar. Çary Işangulyýew «Ömür dawasy» spektaklynda Merdanyň keşbini ussatlyk bilen döredendigi üçin 1978-nji ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi bolýar.
Ol dürli ýyllarda teatryň sahnasynda ilhalar keşpleri döretmegi başardy. Ol teatrda Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherindäki režissýorluk kursuny tamamlandan soň, režissýor hökmünde Baýram han barada A.Berdiýew bilen bilelikde «Han hanana» spektaklyny, B.Suhanow bilen bilelikde «Ýediň enesi», M.Myşşyýew bilen bilelikde «Ene», H.Şirowyň «Gorkut ata» eposy esasynyň «Beset bilen Depegöz boýy» esasynda ýazan adybir oýnuny sahnalaşdyrdy.
Onuň kükreginden joşup çykýan mahmal, labyzly sesi bardy. Onuň owazly sesi türkmen diline geçirilen onlarça filmlerde, teleýaýlymlaryň gepleşiklerinde, döwlet ähmiýetli medeni çärelerde belent ýaňlandy.
Çary Işangulyýew G.Kakabaýew bilen T.Mämmetweliýewiň «Gala» spektaklynda Gara batyryň, N.Gullaýewiň «Nesimi» oýnunda Nesiminiň keşplerini uly ussatlyk bilen döretmegi başardy. Şeýle hem artist Ýewripidiň «Medeýa» spektaklynda Ýasonyň keşbini uly ussatlyk bilen şekillendirdi.
Çary Işangulyýew «Gizlin ilçi» filminde Nazarlynyň, «Toba» filminde Ýagmyryň, «Jadyly hünji hakynda erteki» filminde Gara döw ýaly keşpleri tomaşaçylaryň kalbynda ebedi orun aldy.
1996-njy ýylda Gazagystan Respublikasynda geçen «Ýewraziýa-96» halkara kino festiwalynda Çary Işangulyýew H.Kakabaýewiň «Toba» atly çeper filminde erkek adamyň keşbini ussatlyk bilen döredendigi üçin baş baýraga mynasyp bolýar.
Çary Işangulyýewiň teatr we kino sungatynda bitiren hyzmatlary üçin oňa 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1998-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti», 2005-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen belent atlar dakyldy.