Oraz AKMÄMMEDOW (1930–2018)


Oraz AKMÄMMEDOW (1930–2018)



Oraz Akmämmedow 1930-njy ýylyň dekabr aýynyň 10-ynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda eneden dogulýar.Ol dramaturg, kyssaçy, terjimeçi.

O.Akmämmedow 1954-nji ýylda Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr çeperçilik sungaty institutyny tamamlady. Şol ýyl ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti bolup zähmet ýoluna başlady. Ol bu teatryň sahnasynda birnäçe spektakllarda çykyş etdi. B.Amanowyň «Kemine» spektaklynda Küle söwdagäriň, K.Goldininiň «Iki hojaýynyň hyzmatkäri» oýnunda Brigellosyň, N.Ostrowskiniň «Garyplyk aýyp däl» oýnunda Korşunowyň, G.Muhtarowyň «Şadyýan myhman» oýnunda Sadykowyň, A.Gowşudowyň «Juma» oýnunda Seýitmyrat aganyň keşbini ýerine ýetirdi.

1958-1962-nji ýyllar aralygynda «Edebiýat we sungat» gazetiniň redaksiýasynda, soňra «Türkmenistan» neşirýatynda nusgawy çeper edebiýaty bölüminde işledi. Ol şol ýyllarda döredijilik işine başlaýar.

Ol 1960-njy ýylda Beki Seýtäkow bilen türkmen halk ertekisi esasynda «Aýazhan çarygyňa bakarak» atly sahna eserini ýazýar. Bu sahna eseri Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda goýlup, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar.

1961-nji ýylda O.Akmämmedow «Köp gülen bir aglar» atly sahna eserini ýazýar. Bu sahna eseri hem şol teatryň sahnasynda goýulýar.

1962 nji ýylda S.Garajaýew we A.Mämiliýew bilen bilelikde «Ynjalyksyz ýürek» atly sahna eserini ýazýar. Ol sahna eseri ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatrynyň sahnasynda goýulýar. Onuň döredijilik örüsi gitdigiçe kämilleşýär we giňeýär. Teatr ugrundan ýokary bilimi, sahnanyň inçe syrlaryna beletligi onuň drama eserleriniň şowly çykmagyna uly goltgy bolýar. Şunlukda ol «Sekizinji hazyna», «Garşy almak», «Bir gulakly hossar», «Üç ülpet», «Säher mukamy», «Üzülen ömür», «Mahabatly müjewür», «Musallat», «Toýuň topalaňy», «Kärsizleriň käri», «Ependi», «Emelsiz erkekler», «Men ol hili adam däl», «Gowgaly günler», «Ýataşärikler» ýaly drama eserlerini ýazýar. Bu drama eserleriniň köpüsi birnäçe ýyllap teatrlaryň sahnasyndan düşmeýär.

O.Akmämmedow dramaturgiýadan başga-da kyssa eserleri bilen hem okyjylaryň ýüreginden turmagy başarýar. «Meni ýazgaryň», «Awçy», «Durmuş mekdebi» atly eserleri türkmen okyjylarynyň söýüp okaýan kitaplaryna öwrüldi.

Ol ökde terjimeçi hökmünde hem giňden tanalýar. Onuň gazak, garagalpak, ermeni, täjik edebiýatynyň nusgalaryndan eden terjimeleri doganlyk-dostluk aragatnaşygyny berkitmekde we ösdürmekde gymmatly iş bitirdi.

Onuň terjime etmeginde «Ýigrimi üç Ependi» atly kitap hem okyjylar köpçüligine gowuşdy.