Gylyçmyrat KAKABAÝEW (1959-2014 ý.ý.)
Gylyçmyrat Kakabaýew 1959-njy ýylyň 25-nji aprelinde Aşgabat şäherinde eneden bolýar. 1979-njy ýylda Aşgabatdaky 9-njy orta mekdebi tamamlandan soň, şol ýyl Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümine okuwa girýär.
Ol bu ýokary okuw mekdebini tamamlap, 1981-nji ýylda ozalky “Ýaş kommunist” gazetiniň redaksiýasynda zähmet ýoluna başlaýar. Döredijilik işine mekdep ýyllaryndan başlaýar. Onuň ilkinji eserleri 1978-nji ýylda neşir edilip başlanýar.
Gylyçmyrat Kakabaýewiň “Duýgy duralgasy”, “Sepgit” ýaly eserleri çapdan çykandan soň, onuň “Gala” poemasy esasynda ýazylan “Gala” atly sahna eseri ilkinji gezek Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda sahnalaşdyrylýar.
“Gala” – taryhy drama bolup, ol diňe Gökdepe galasynyň taryhy gahrymançylygy bolman, eýsem, ähli türkmen halkymyzyň mertliginiň, batyrlygynyň, gaýduwsyzlygynyň nusgasyna öwrülen nusgawy eser bolup taryha girdi. Şondan soňra Gylyçmyrat Kakabaýewiň döreden “Dädem Gorkut” atly teleoýny, “Türkmennama”, “Söýüň gara gözlerim”, “Ýar gara gözleriň bendiwany men”, “Kepderi”, “Türkmeniň ýoly”, “Syrly sandyk” ýaly ajaýyp sahna eserleri ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnasyny bezedi. Nusgawy türkmen şahyry Garajaoglanyň ömür döredijiligine bagyşlanan “Garajaoglan” atly sahna eseri bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda goýlup, ol tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda goýlan “Watan hakda üç aýdym”, “Ýurt”, “Gumly gelin”, “Ýagtylan köňüller”, “Galkynan göwünler”, ýaly taryhy drama eserleri, “Sakarja geçi” atly çagalara niýetläp ýazan dramasy teatryň sahnasynda hemişelik orun aldy.
Şahyr hem dramaturg G.Kakabaýewiň Magtymguly Pyraga bagyşlanan “Magtymguly Pyragy” atly sahna eseri H.Berdiýewiň režissýorlyk etmeginde Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda görkezilýär we tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletiniň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda türkmen dramaturgiýasyny, teatr sungatyny ösdürmekde çeken zähmeti we ýokary ussatlygy üçin G.Kakabaýewe 1996-njy ýylda “Türkmenistanyň halk ýazyjysy” diýen hormatly at dakyldy, şeýle hem “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly, 1997-nji ýylda “Galkynyş” ordeni bilen sylaglanyldy. Magtymguly adyndaky halkara baýragyna eýe boldy.