Aýhan Hajyýew
(1924-1998 ýý.)
Türkmen şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran suratkeşleriň biri Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, professor Aýhan Hajyýewdir.
A.Hajýyýew türkmen şekillendiriş sungatynyň milli mekdebiniň düýbini tutujylaryň biri bolmak bilen, ýaş sungat nesilleriniň kemala gelmegini uly goşant goşdy. Ol Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde 25 ýyldan gowrak wagt zähmet çekip, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny ýaşlara öwretdi. Onuň ýetişdiren şägirtleriniň köpüsi häzirki milli şekillendiriş sungatymyzyň görnükli wekilleridir. Halypa suratkeşiň tagallalary bilen milli binagärlik sungatymyz hem ösüşiň täze belentliklerine ýetdi.
Ol 1924-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda dünýä inýär. Aýhan 1937-nji ýylda, heniz 13 ýaşyndaka Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen “Çagalaryň şekillendiriş sungaty we edebi döredijili” atly bäsleşik-sergisine gatnaşýar. Bu abraýly halkara çäresinde A.Hajyýewiň akwarelde çeken suratlary 2-nji orna mynasyp bolýar. Şoňa görä-de ýaş suratkeşiň döreden eserlerini «Ýaşajyk suratkeş» («Юный художник») žurnalynda çap edilýär. Ol bu eserleriniň birinde türkmen ýaşlarynyň ulular bilen bilelikde pagta ýygymyna goşýan saldamly goşandyny ussatlyk bilen janlandyrýar. Suratkeşiň beýleki bir suratynda bolsa türkmen tebigatynyň ajaýyplyklary ussatlyk bilen wasp edilip, onda oba daýhanlarynyň bagyň saýasynda dynç alýan pursaty şekillendirilýär.
Aşgabadyň çagalar çeperçilik mekdebiniň taýýarlyk synpynda okaýan ýaş suratkeşiň halkara çäresinde gazanan bu uly üstünligi, sungat ugrundan has çuň bilim almaga ruhlandyrýar. Şoňa görä-de ol 1938-nji ýylda Ş.Rustawelli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine nakgaşçylyk hünärine okuwa girýär. A.Hajyýewe öz döwrüniň meşhur sungat ussady, belli nakgaş Ý.P.Daneşwaryň şägirdi bolup, ondan şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmek bagty nesip edýär. 1942-nji ýylda okuwyny tamamlansoň, ol Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynda okuwyny dowam edýär.
Suratkeş talyplyk ýyllarynda P.Kotow, I.Çekmazow, W.W.Faworskaýa, P. D. Pokaržewskiý ýaly ussat halypalaryň elinde tälim alyp alyp, sungatyň täsin dünýäsine has içgin aralaşmaga mümkinçilik tapýar. Ol ýigrimi üç ýaşyndaka ýene-de bir abraýly bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bagtyna eýe bolýar. 1947-nji ýylda ýaş suratkeşiň çeken suraty Gündogaryň akyldary, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň keşbini döretmekde baş baýraga mynasyp bolýar. Şeýlelik-de, döredijilikli gözlegleriň netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbi ilkinji gezek döredilýär.
A.Hajyýewiň ýokary okuw mekdebinde diplom işi hökmünde taýýarlan «Halyçylar» atly eseri hem uly meşhurlyga eýe bolýar. Şoňa görä-de, ýokary okuw mekdebinde tälim beren halypa mugallymlary Aýhana aspiranturada bilimini dowam etmegi teklip edýärler. Onuň üstünlikli alyp baran ylmy-döredijilik işine ýokary okuw mekdebine tälim beren halypasy P. D. Pokaržewskiý ýolbaşçylyk edýär.
A.Hajyýew öz ýatlamalarynda halypasyny ýagşylykda ýatlap şeýle ýazýar: “Ol şägirtlerine berýän maslahatlarynda: «Eseriň esasy mazmunyny, manysyny öz dogduk mekanynyň taryhyndan, halkyň ykbalyndan gözlemeli»-diýip ýaş suratkeşleriň watanperwerlik terbiýesine güýçli tasir etmegi başarýardy”.
A.Hajyýew aspiranturada okan döwründe öz halypalaryndan alan ylym-bilimlerini has çuňlaşdyrmagy başarýar. Aspiranturany tamamlansoň, 1951-nji ýylda açylan Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde mugallym bolup zähmet çekýär. Suratkeş talyplyk, aspirantlyk ýyllaryndan gazanan ussatlyklaryny sungatyň ýaş nesillerine geçirmegi başarýar. A.Hajyýew milli şekillendiriş sungatymyzda öz şägirtleriň her biriniň zehinine, başarjaňlygyna hem-de zähmetsöýerligine görä, okuw-tälim bermegiň usylyýetini işläp düzýär. Ussat halypa öz ýatlamalarynda bu barada şeýle ýazýar: «Her şägirdiň öz dünýägaraýşy bar, olara düşünmek we gözleglerinde kömek etmek hakynda hemişe oýlanýaryn». Halypanyň yhlasy myrat tapýar. Ondan tälim alan M.Mämmedow, D. Baýramow, G. Ataýew ýaly belli suratkeşlerimiz milli şekillendiriş sungatymyza önjeýli goşantlaryny goşdular.
A.Hajyýew özüniň döredijilik dünýäsini baýlaşdyrmagyň üstünde yzygiderli işlän ussatlaryň biridir. Onuň eserlerinde milli mirasymyzyň ajaýyplyklary, medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşiniň döwrebap öwüşginleri eriş-argaç bolup geçýär. Watanymyza, halkymyzyň taryhy ykbalyna, ene topragymyzyň mukaddesligine, şan-şöhratly pederlerimize bagyşlanan eserleri sungatysöýüjileriň kalplaryna aýratyn buýsanç paýlaýar.
Ussat suratkeş özüniň ajaýyp eserlerinde ýönekeý oba adamlarynyň, zähmetsöýer halkyň waspyny ýetirip, atalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen ýurt Garaşsyzlygy, döwlet Berkararlygy baradaky beýik yhlasyny aýdyň beýan etmegi başarýar. Nusgawy şahyrlarymyz bolan Magtymgulynyň, Mollanepesiň kanoniki portretleri, Seýidiniň, Zeliliniň, Mätäjiniň keşpleri halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Halypanyň «Bahar», «Bäşimiz», «Meňli», «Ilkinji mugallym», «Magtymgulynyň portreti», «Mollanepesiň portreti» we başga-da birnäçe eserleri halkara sergilerinde iň ýokary baha mynasyp boldy. Onuň 1986-njy ýylda taýýarlan «Ähli zat geçýär, ähli zat üýtgeýär» atly uly göwrümli eserlerinde dünýä meşhur Parfiýanyň paýtagty Nusaý galalary we onda geçirilen arheologiýa barlaglary ussatlyk bilen şekillendirilýär. Bu sungat eseriniň üsti bilen halypa suratkeş taryhymyzyň şan-şöhratly geçmişini dünýä ýaýýar. Şoňa görä-de, bu eser häzirki wagtda-da geçirilýän uly muzeý sergilerine aýratyn öwüşgin çaýýar.
A.Hajyýewiň döreden eserleri Türkmenistanyň döwlet muzeýlerinde, şeýle hem daşary ýurtlarda yzygiderli sergilenip, giň halk köpçüligine ýetirilýär. Häzirki wagtda ussat suratkeşiň döreden segsenden gowrak eseri Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasynda bar.
Ussat suratkeş A. Hajyýewiň bitiren hyzmatlaryna Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde uly sarpa goýulýar. Ol 1963-nji ýylda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, 1967-nji ýylda Türkmenistanyň halk suratkeşi, 1973-nji ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, 1978-nji ýylda Türkmen döwlet politehniki institutynyň binagärçilik kafedrasynyň professory, şeýle hem sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty diýen ylmy derejeleriň we hormatly atlaryň, döwlet sylaglarynyň eýesidir.