Hudaýberdi Baýryýew
Hudaýberdi Baýryýew 1947-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň M.Garlyýew daýhan birleşiginde eneden bolýar. Teatr sungatyna bolan höwesi, yhlasy entek oba mekdebinde okap ýörkä häzirki Gurbansoltan eje adyndaky etrap merkezindäki medeniýet öýüniň ýanyndaky halk teatryna getirýär. Ol bu ýerde B.Pürliýewiň «Wyždan» atly oýnunda Hemranyň keşbini döredýär. Bu onuň ilkinji synagydy. Şol wagtlar G.Muhtarowyň «Otuzynjy ýyllar» dramasynda baýyň keşbini ussatlyk bilen döredip, tomaşaçylaryň sagbolsunyna mynasyp bolýar.
Hudaýberdi Baýryýew 1969-1973-nji ýyllar aralygynda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatral çeperçilik institutynda okaýar. Okuwyny tamamlandan soň, 1973-nji ýyldan başlap Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda drama artisti wezipesinde işe başlaýar. Ol bu ýerde özüniň artistlik, zehinini açyp görkezmek mümkinçiligine eýe bolýar. Ol teatryň sahnasynda ilkinji keşbi hökmünde H.Meläýewiň «Ýoldaky söweş» atly spektaklynda Şeribiň keşbini döredýär. Hudaýberdi Baýryýew bu ilkinji synagdan üstünlikli geçýär we özüne ynanylan keşpleri birkemsiz ýerine ýetirýär. Şunda teatryň şol wagtky režissýory Artyk Jallyýew H.Baýryýewde hakyky artistlik zehininiň güýçlüdigini ykrar edýär. Şondan soň H.Baýryýew öz işine has jogapkärli çemeleşip, yzly-yzyna sahna oýunlaryndaky esasy keşplerde oýnap başlaýar. Olardan A.Atabaýew bilen D.Öräýewiň «Leýli-Mejnun» dramasynda Leýliniň kakasynyň, N.Gogolyň «Öýleniş» komediýasynda Zwakiniň, Aleskerowyň «Millioneriň gedaý ogly» oýnunda polisiýa başlygynyň, H.Gulamyň «Daşpalta aşyk» oýnunda Muhammetsalyhyň, Ý.Durdyýewiň «Hally gyz» oýnunda Annamämmet aganyň, B.Seýtäkowyň «Doganlar» oýnunda Emin baýyň, P.Magsymowyň «Kelebiň ujy» oýnunda Setdaryň, E.Rejebowyň «Tentek» oýnunda poliseýiň, N.Orazgulyýewiň «Türkmenbaşy eýýamy» oýnunda Galmyk hanyň, Ö.Öwezowyň «Synag» oýnunda Gurduň, G.Ýollyýewiň «Kösäniň öýlenişi» oýnunda Ýazym berzeňňiniň, J.Meredowyň «Görogly» oýnunda Bedrüstemiň, G.Sähetdurdyýewiň «Ýandyrma kakajan» oýnunda Esen baýyň, G.Baýmedowyň «Kysmat kitaby» oýnunda Temir Mälik serdaryň, Ö.Öwezowyň «Täze ýyl ertekisi» oýnunda Böwenjigiň keşplerini ussatlyk döredip, bu teatryň sahnasynda uly üstünlik hem abraý gazanmagy başardy. Onuň «Görogly» şadessany esasynda sahnalaşdyrylan oýundaky çykyşlary has şowly bolup, halk köpçüliginiň öwgüsine mynasyp boldy.
Tejribeli artist H.Baýryýew kino sungatynda hem öz güýjüni synap gördi. Ol «Özbekfilm» kinostudiýasynyň surata düşüren «Gözsüz ýagyş» filminde talybyň, «Söýgüliler» filminde Bahramyň dostunyň, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde režissýor I.Bekmiýewiň surata düşüren «Zäherlenen söýgi» filminde menejeriň, režissýor S.Jallyýewiň surata düşüren «Çüýşeden çykan jyn» filminde ministriň keşplerini janlandyrmagy başardy.
H.Baýryýew teatrda ýaş artistlere hem halypaçylyk edýär, olara artistlik sungatynyň inçe syrlaryny öwredýär.
Hudaýberdi Baýryýew türkmen teatr we kino sungatynyň ösmegine goşan saldamly goşandy üçin 2008-nji ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.
2010-njy ýylda oňa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen belent at dakyldy.