Täçmämmet Jürdekow
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Täçmämmet Jürdekow 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Ahal welaýatnyň Gökdepe etrabynyň Kelejar obasynda eneden bolýar. Ýazyjynyň çagalyk ýyllary Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna gabat gelýär. 1959-1964-nji ýyllar aralygynda Moskwanyň döwlet medeniýet institutynda okaýar. T.Jürdekow 1982-nji ýylda Žurnalistler hem-de Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edilýär. Halypa ýazyjy Bolgariýa, Hindistan Respublikasy, ABŞ, Mongoliýa, Siriýa Arap Respublikasy, Malta, Eýran Yslam Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Päkistan Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly birnäçe döwletlerde iş saparynda bolýar.
T.Jürdekow 1965-1966-njy ýyllarda öňki Türkmenistanyň döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri (häzirki Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy) wezipesinde işleýär. 1968-1971-nji ýyllarda Gökdepe etrap partiýa komitetiniň bölüm müdiri, 1972-1982-nji ýyllarda Türkmenistanyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň medeniýet bölüminiň instruktory, bölüm müdiri, 1982-1986-njy ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe we radio gepleşikleri baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary, 1986-1994-nji ýyllarda «Tokmak» žurnalynyň baş redaktory, 1994-1998-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory, 1998-2007-nji ýyllarda Türkmenistanyň milli medeniýet merkeziniň milli kitaphanasynyň direktorynyň orunbasary wezipelerinde zähmet çekýär. 2007-nji ýyldan häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň alym kätibi bolup işläp gelýär.
T.Jürdekowyň uruş ýyllarynyň çagalary hakda gürrüň berýän «Esger papagy» atly eseri ýazyjynyň öz terjimehaly bilen baglanyşykly ýazylan. Halypa ýazyjy T.Jürdekow «Altyn bagjyk», «Uly başlyk», «Aýdaýsaň bolmaýarmy?», «Il bir eşitmesin» diýen ýaly başga-da ençeme söýlüp okalýan kitaplaryň awtorydyr.
Ýazyjy soňky döwürde publisistika žanrynda öndümli işläp başlady. T. Jürdekowyň bu ugurdaky ýazan makalalarynyň ençemesi «Ata arzuwyny amala aşyrýan Agtyk» atly kitapda jemlenendir.
Bu neşir belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň terjimehaly biln baglanyşykly ýazylan ilkinji synanyşyklaryň biridir. Milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri barada gürrüň berýän bu kitap daşary ýurt dilleriniň birnäçesine (iňlis, rus, nemes, fransuz, arap, pars, hytaý, ýapon we beýleki dillere) terjime edildi.
Garaşsyzlygyň işeňňir waspçylarynyň biri hökmünde ýurdumyzda giňden tanalýan Täçmämmet Jürdekow 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy», 1998-nji ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly,1999-njy ýylda Türkmenistanyň «Gaýrat», 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» medaly, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly, 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy» medaly bilen sylaglanylýar.