Atamyrat Atabaýew
(16.11.1948-03.03.2020)
Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew 1948-nji ýylyň 16-njy noýabrynda Mary etrabynyň 1-nji Gökje obasynda dünýä inýär. Obasyndaky 8-nji orta mekdebi tamamlap, 1967-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Uniwersitetiň soňky ýylynda okap ýörkä «Türkmenistan» neşirýatynda redaktor bolup zähmet ýoluna başlaýar. Çeper döredijilige bagyşlanan ömür ýolunda ol Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginde edebi maslahatçy, dörediji ýaşlar bilen işlemek boýunça kätip, orunbasar, başlyk wezipelerini ýerine ýetirýär. Dürli ýyllarda «Ýaşlyk» žurnalynyň, «Galkynyş» gazetiniň, «Güneş» žurnalynyň bölüm müdiri wezipelerinde işledi.
1976-1987-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň suratkeşi bolup işleýär. 1987-nji ýylda tekiz dokmanyň iň gowy däplerinde suratkeş Şahyr A.Atabaýew dürli ýyllarda Eýran Yslam Respublikasy, Türkiýe, Fransiýa Respublikasy, Hytaý Halk Respublikasy, Bolgariýa, Mongoliýa, Russiýa Federasiýasy, Özbegistan Respublikasy, Täjigistan Respublikasy ýaly dünýäniň onlarça ýurtlarynda döredijilik saparlarynda bolýar.
Atamyrat Atabaýew türkmen edebiýatyny ösdürmäge goşan uly goşantlary üçin 1978-nji ýylda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolýar, 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» hormatly ada mynasyp bolýar.
Şeýle hem, 1994-nji ýylda Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly, 1996-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, 1997-nji ýylda Türkmenistanyň «Galkynyş» ordeni, 1999-njy ýylda Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni, 2011-nji ýylda Türkmenistanyň «Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy» ýubileý medaly, 2014-nji ýylda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragy» medaly bilen sylaglanylýar. A.Atabaýew ýurt Garaşsyzlygymyza buýsanyp, bu temadan ilkinji bolup «Türkmenistan Garaşsyz» atly şygryny döretdi.
Ulular üçin 20-ä golaý, çagalar üçin 4 kitabyň awtory A.Atabaýewiň eserleriniň birnäçesi daşary ýurt dillerine terjime edilýär. Dürli halklaryň okyjylary tarapyndan eserleri gyzgyn garşylanan şahyr Russiýa Federasiýasynyň Sergeý Ýesenin adyndaky altyn medalyna, Belarus Respublikasynyň Ýazyjylar birleşiginiň medalyna, Türkiýede geçirilen şygryýet festiwalynda Zahyreddin Babur adyndaky Gran-Pri baýragyna mynasyp bolýar.