Kakajan Aşyrow


Kakajan Aşyrow



Kakajan Aşyrow 1950-nji ýylyň 21-nji martynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Medeniýet obasynda eneden bolýar. Ol 1973-nji ýylda Moskwanyň M.S.Şepkin adyndaky ýokary teatral institutynda, 1981-nji ýylda Moskwanyň Maýakowskiý adyndaky drama teatrynyň ýokary režissýorlyk kursunda okap, drama we kino aktýory, režissýor hünärlerini ele aldy. Heniz Moskwanyň M.S.Şepkin adyndaky ýokary teatral mekdebiniň 2-nji ýyl talybyka A.Garlyýewiň tagallasy bilen «Meniň dostum Meleguş» atly çeper filminde Altynyň keşbini döredýär. Bu film K.Aşyrowa turuwbaşdan uly üstünlik getirdi. Ol ýokary okuw mekdebini tamamlap, 1973-nji ýylda Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti bolup zähmet ýoluna başlady.
Ol teatryň sahnasynda Gogolyň «Derňewçi» spektaklynda Hlestakowyň, K.Goldoniniň «Iki aganyň hyzmatkäri» oýnunda Truffaldinonyň, N.Ostrowskiniň «Polat nähili taplandy» oýnunda Pawel Korçaginiň, «Söýgi duralgasy» spektaklynda ýaş ýigidiň, «Gelinleriň gozgalaňy» oýnunda habarçynyň keşplerini amal eden ýaş artist, türkmen dramaturglarynyň eserlerinde hem özboluşly häsiýetleri teswirlemegi başardy. Şol bir wagtyň özünde, ol ady agzalan spektakllarda režissýoryň kömekçisi bolup işleýär. Kakajan Aşyrow 1988-nji ýylda «Jan» ýaşlar teatr studiýasyny açýar. Bu teatr studiýasy öz döreden spektakllary bilen milli sahna sungatymyzyň ösmegine goşant goşýar. 1986-1988-nji ýyllarda K.Aşyrow Aman Gulmämmedow adyndaky ýaş tomaşaçylar teatrynyň baş režissýory bolýar. Bu teatrda onuň sahnalaşdyran A.Wolodiniň «Suwulgan» atly spektakly uly üstünlik gazanýar.
K.Aşyrow dramaturg hökmünde-de türkmen dramaturgiýasynyň ösüşine öz goşandyny goşdy. Ol türkmen halk döredijiliginiň nusgawy eserlerine döredijilikli çemeleşmek bilen, ajaýyp sahna eserleriniň beýanyny ýazdy we sahnalaşdyrdy. Şeýle hem, A.Platonowyň, Agahan Durdyýewiň eserleriniň esasynda «Jan», «Sen söýseň meni...» ýaly dramalary ýazdy. Mukaddes Garaşsyzlygyň şöhlesi türkmen teatr sungatyna öz nuruny çaýdy. Guýmagursak zehinler erkinligiň, özbaşdaklygyň belent ruhy bilen täze sahna eserlerini döretmäge girişdiler. Şeýle eserler Kakajan Aşyrowyň döredijiliginde hem birnäçedir. Onuň sahnalaşdyran «Däli Domrul» spektakly bolsa ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygy bilen ýaşytdaş diýseňem bolýar. Bu spektakl ençeme halkara bäsleşikli festiwallarynyň ýeňijisi bolup, türkmen milli teatr sungatynyň şu günki ösen derejesini dünýä ýaýdy. Şondan bäri geçen ýyllaryň içinde şonuň ýaly sahna eserleriniň üstüne «Oguz oýny», «Oguz han», «Apat», «Sen söýseň meni», «Alp Arslan», «Dowamat dowam» ýaly sahna oýunlary goşuldy. Bu sahna eserlerinde geljege tarap batly gadamlar bilen barýan Beýik Garaşsyzlyk zamanymyzda amala aşyrylýan beýik işler, milli ruhymyzyň täze belentliklere galşy ýokary çeperçilik taýdan beýan edilýär. K.Aşyrow Baş drama teatrynyň sahnasynda «Dowamat-dowam», «Täsin söýgi», «Göroglynyň öýlenişi», «Dutaryň owazy», «Ýüpek ýoly – ýürek ýoly», «Ependi ýa-da gülkünç goňşy», «Atda wepa-da bar, sapa-da» we başga-da birnäçe spektakllary sahnalaşdyrdy.
Kakajan Aşyrowyň Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly eseri boýunça sahnalaşdyran spektakly halkymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Boýdan-başa watançylyk ruhuna ýugrulan oýun merdana watan goragçylary üçin hem ajaýyp mekdepdir.
Režissýor, dramaturg, artist hökmünde uzak ýyllaryň dowamynda tutanýerli zähmeti, teatr sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp, oňa 1990-njy ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent atlar dakyldy. 1991-nji ýylda SSSR-iň döwlet baýragynyň, 1993-nji ýylda Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi boldy.