Ödenyýaz Nobatow


Ödenyýaz Nobatow



Bagşy ýürekleri joşdursa, kalplara öz täsirini ýetirip bilse halkyň söýgüsini gazanýar. Ine, şeýle bagşylaryň biri hem mahmal owazy bilen Mary ilinde bagşyçylyk sungatyny ösdüren beýik ussatlarymyzyň biri Ödenyýaz Nobatowdyr.

Bagşyny hormatlap ýaňy-ýakynda Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Medeniýet bölüminiň medeniýet merkezinde aýdym-sazly, dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat bagşy Ödenýaz Nobatowyň ogly, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Töre Nobatowyň çykyşy bilen başlandy. Soňra Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Meretgeldi Tüňňiýew, salyr-saryk bagşyçylyk ýolunyň ussady Ödenýaz Nobatow barada gyzykly gürrüňler berdi. Halypanyň şägirdi Bazar Durdyýewiň çykyşy tomaşyçylarda has-da uly täsir galdyrdy. Türkmenistanyň halk bagşysy Ödenýaz Nobatowyň ýegeni bagşy Myrat Gurdowyň hem täsirli çykyşy hem-de halypanyň özüni ýatladýan ýoly bilen aýdym aýdyşy köpleriň ýadynda ebedi galdy. Tagtabazar etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Çary Bazarowyň, Garly Durdyýew adyndaky oba medeniýet öýüniň müdiri Rozmyrat Orazowyň çykyşlary dabaranyň gyzygyny has hem artdyrdy. Ödenýaz Nobatowyň kakasy Nobat bagşynyň aýal doganynyň agtyklary, bagşy zenanlarymyz Aýbibi we Maýsa Taganowalaryň çykyşlary dabara gatnaşanlarda ýatdan çykmajak bagşyny hatyralaýan pursatlar boldy.

Dabaranyň çäginde Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, salyr-saryk bagşyçylyk ýolunda öz yzyny goýan ussat halypa bagşy-sazandalaryň suratlarynyň hem-de ses ýazgylarynyň sergisi guraldy. Bagşy-sazandalaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde «Teşnit», «Ogulmeňli», «Sallanan gözel», «Nalyşyň seniň», «Ýarym garaýsa», «Körpe guzy», «Amman-amman», «Bilmedim», «Arzygül», «Agabegler», «Daraýy donly» ýaly aýdym-sazlar dabara aýratyn joşgun çaýdy.

Ussat halypa hakyndaky ýatlama söhbetimiziň üstüni, milli aýdym-saz sungatyny öwreniji Akmuhammet Aşyryň «Kyrklar» kitabyndaky maglumatlar bilen ýetirýäris.

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Baýraç obasy bagşy-sazandalaryň iň köp çykýan obalarynyň biridir. Meşhur Gurban bagşynyň, onuň inisi Amansähet bagşynyň, Amansähediň ogly Nobat bagşynyň, Nobat bagşynyň ogly Ödenýazyň we beýleki tanymal sazandalaryň göbek ganynyň siňip, beýnisiniň bekän ýerleridi. 1930-njy ýylda dünýä inip, heniz bäş-alty ýaşlaryndaka, kakasy Nobat bagşynyň beren kiçijik dutarynda ýönekeýje kakuwlary kakyp başlan Ödenýazyň ilkinji halypasy hem kakasydyr.

Heniz mekdep ýaşyna ýetmedik Ödenýazyň çaga owazy obanyň uly bolmadyk üýşmeleňlerinde, mekdebe gatnap ugransoň, ol ýerdäki höwesjeňleriň hatarynda ýaňlanyp başlaýar. Ýaş zehiniň ýiti ukyby döwrüň uly halypalarynyň biri Garly bagşy Ýolaman ogluny haýran edip, onuň şägirt almagyna sebäp bolýar. Bu ussadyň ýaş şägirdi bilen has-da basalykly işlemegine Nobat bagşy bilen geçilen ençeme ýyllar, Gurban bagşynyň beren öwüt-ündewleri, halypalyk pentleri hem borçly edýärdi. Garly bagşynyň bäş-alty ýyllap beren terbiýesi Ödenýazyň kämilleşmeginde uly yz galdyrýar. 1943-nji ýylyň güýz paslynyň ortalarynda Garly bagşy Ödenýazy alyp Aşgabada gelýär. Heniz kämillik ýaşyna ýetmedik bagşynyň aýdýan «Dilber», «Ol daglaryň», «Gözelim», «Owadan gelin» ýaly aýdymlary Türkmen radiosy üçin ýazgy edilýär. Şol ýyllarda hem Ödenyýaz Nobatow Sahy bagşy bilen ýakyndan tanyşýar.

«Meniň aýdym-saza girişmegimde kakamyň we Garly bagşynyň hyzmaty juda uludyr. Sahy aga bolsa kämillik derejesine ýetmegime ummasyz täsir edipdi. Birnäçe wagtlap Sahy bagşynyň öýünde ýaşadym. Ogly Soltan bilen aga-ini ýaly bolduk, ene ornunda Bibi daýzanyň çaý-naharyny köp iýip-içipdim» diýip, Sahy Jepbaryň 90 ýyllygyna bagyşlanyp, 1996-njy ýylyň güýzünde Ýaňgala obasynda geçirilen dabarada ol gürrüň beripdi.

Ödenýaz Nobatow örän köp taraply adamdy. Ol bir görseň, aýdymdyr dessan aýdyp oturandyr, bir görseň, eli dutarly ýa-da gargy tüýdükli gadymy aýdym heňleriniň saz nusgalaryny çalyp oturandyr. Ýyllaryň dowamynda etrabyň höwesjeňler toparyna ýolbaşçylyk edip, ençeme bagşy-sazandalary sungat ýoluna gözükdiren bu halypa owgan rubabydyr kawkazlylaryň taryny hem ezberlik bilen çalar eken. Onuň dürli ýyllarda döreden «Ýarym gelmedi», «Pendiniň», «Ajap eýýam gelmedi» ýaly aýdymlary etrap höwesjeňleriniň ýerine ýetirmeklerinde ýurdumyz boýunça geçirilen bäsleşiklerde, festiwallarda ýaňlanypdy.

Ýaňy ýedi ýaşa ýetende ata mährinden jyda düşen Ödenýaz Nobatow özboluşly durmuş, ýerine ýetirijilik we halypalyk ýoluny geçýär. Şeýdibem köpüň söýgüsini gazanyp, «Türkmenistanyň halk bagşysy» diýen ada mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň çäginden has alyslarda guralan dürli çärelere-de işjeň gatnaşyp, gaýry halklaryň diňleýjilerini milli sazymyz bilen tanyşdyran Ödenyýaz bagşydan onlarça aýdym-saz ýazgylary miras galdy. Türkmen radiosynda we Döwlet arhiwinde saklanýan şol ýazgylar onuň ýokary ussatlygyna şaýatlyk edýär. Özboluşly bokurdak oýnatmalar, «hüýýüldiler», «jukguldylar» bilen beslenen şol aýdymlar, bagşynyň başgalaryňka meňzemeýän ýerine ýetirijilik ýol-ýörelgesini, usullaryny aýdyň görkezýär. Ödenýaz Nobatow 2006-njy ýylyň dekabr aýynda aradan çykdy.