Gurbanmyrat Dabaşyýew


Gurbanmyrat Dabaşyýew
(1957 – 2003)



Türkmenistanyň halk artisti, halypa aýdymçy, halkymyzyň arasynda Dagbaşy ady bilen tanalýan Gurbanmyrat Dabaşyýew 1957-nji ýylyň 26-njy iýulynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Mürçe obasynda doguldy. G.Dabaşyýew 1979-njy ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlap, Biologiýa (zoolog), biologiýa we himiýa mugallymy hünärine eýe boldy. Ýaşlygyndan özüniň mahmal sesi bilen halkyň söýgüsini gazanmagy başardy. G.Dabaşyýew dürli wezipelerde zähmet çekip, aýdym-saz sungaty bilen içgin gyzyklanyp, täze aýdymlaryň üstünde önjeýli işledi. Geljekde ýaşlaryň gaýybana halypasy hökmünde medeniýeti, sungaty, türkmeniň milli sungatyny söýýän ýaşlaryň ýüze çykmagynda mynasyp zähmet çekdi. G.Dabaşyýew ýurdumyzyň çäklerinde geçirilýän ähli medeni çärelere, festiwallara işeňňir gatnaşdy hem-de döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanyp, medeniýetiň we sungatyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlara ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak we wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge önjeýli goşant goşdy. Her bir medeni çäreleriniň guramaçylykly ýokary derejede geçirilmegi üçin özüniň ýiti zehinli ukyby bilen ýakyndan ýardamyny berdi. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen birnäçe medeni çärelerine özüniň sungaty bilen, täze aýdym-saz eserleri bilen gatnaşyp, halkyň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Halypa aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik hem-de hünär ussatlygy bilen döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary, uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal, döredijilikli zähmeti we joşgunly zehini nazara alnyp, 2017-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Gurbanmyrat Dabaşyýewa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakyldy.