Rejepgeldi Gurbanow
Rejepgeldi Gurbanow 1941-nji ýylyň 22-nji fewralynda Ahal welaýatynyň Ýerbent obasynda eneden bolýar. Orta bilimi alanyndan soňra 1961-nji ýylda Rejepgeldi Gurbanow Aşgabadyň D.Öwezow adyndaky ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň «Wokal» bölümine okuwa girýär. Emma oňa sazçylyk mekdebiniň doly kursuny okamak miýesser etmeýär. Sebäbi ony 1 ýyl okanyndan soň, goşun gullugyna alyp gidýärler. Ol 1958-nji ýylda Babadaýhan etrap medeni aň-bilim işler bölüminiň okalga öýüniň müdiri bolup zähmet ýoluna başlaýar. 1970-nji ýylda Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatral-çeperçilik institutyny teatr we kino artisti hünäri boýunça tamamlaýar.
Rejepgeldi Gurbanow entek institutda okap ýörkä iki sany uly spektaklda çykyş edýär. Oňa R.Gamzatowyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan «Dagly gyz» oýnunda gyzyň kakasynyň keşbi, A.S.Puşkiniň eseri esasynda «Mosart we Salweri» atly spektaklynda baş keşbi bolan Salweriniň keşbi ynanylýar. Olaryň ikis-de şowly çykýar. 1970-nji ýylda instituty üstünlikli tamamlap, R.Gurbanow Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatryna işe ýollanylýar. Ol bu teatrda Gogolyň «Öýlenmek» atly komediýasynda Heýgenekowyň, M.Karimiň «Aýgülüstan» atly oýnunda Ýabataýewiň keşplerini janlandyrýar.
Rejepgeldi Gurbanow reissýor hökmünde bu teatrda B.Hudaýnazarowyň «Ah, siz goňşular», N.Hojageldiýewiň «Zelili», A.Gurbannepesowyň «Derňewçi-78», H.Diwangulyýew bilen N.Rejebowyň «Çuwal bagşy», J.Meredowyň «Aşyk Aýdyň pir», T.Taganowyň «Syrly gelin», G.Ýollyýewiň «Nurmuhammet Andalyp» atly spektakllary sahnalaşdyrýar.
Şonuň ýaly-da ol artist hökmünde ençeme ilhalar keşpleri döredýär. Olardan mysal hökmünde B.Suhanowyň «Syrly derweze» atly oýnunda Serdarowyň, A.Gurbannepesowyň «Derňewçi-78» oýnunda Döwranyň, A.Nazarow bilen A.Gurbandurdyýewiň «Goşa bela» oýnunda Mawowyň, T.Hojakgaýewň «It gyrkýan hojaýyn» oýnunda Tazylyýewiň, H.Diwangulyýew bilen N.Rejebowyň «Çuwal bagşy» oýnunda Sapar gyjakçynyň, N.Hojageldiýewiň «Zelili» oýnunda baş keşbi bolan Zeliliniň keşpleri agzamak bolar.
Irginsiz çekilen zähmetiň netijesinde ol göwün söýen kärinde ussatlyga ýetdi. Ol bir käriň däl, eýsem, birnäçe hünäre eýelik edýär. Halypa hem režissýor hem artist, pedagog hem dramaturg. Ol esasy işiniň daşyndan drama eserlerini ýazýar. Onuň «Gopuzly gyz», «Jenaýat» atly sahna eserleri sahnalaşdyryldy we halk köpçüligine görkezildi.
Rejepgeldi Gurbanow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň sahnasynda hem birnäçe keşpleri janlandyrdy. Olardan «Agzybirlik ýylysydyr ojagyň» atly sahna oýnunda maşgalabaşynyň, G.Daňatarowyň «Hazyna» atly oýnunda Emir Mejnunyň, «Hakyda» hem-de «Söýgi we hasrat» atly oýunlarynda ýaşulynyň keşplerini aýratyn bellärliklidir.
Rejepgeldi Gurbanow türkmen kino sungatyna hem öz goşandyny goşdy. Ol «Türkmenfilm» kinostudiýasynda surata düşürilen «Mysgal» filminde, I.Bekmiýewiň «Jennet bagy», K.Annanowyň surata düşüren «Ak maýanyň ýoly» atly çeper filmlerinde, şonuň ýaly-da, telewideniýäniň önümi bolan «Bagt agşamy», «Buşluk, ogluň boldy» atly filmlerde dürli keşpleri döretdi.
Rejepgeldi Gurbanowa 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2014-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar.