Orazdurdy Hojaýew


Orazdurdy Hojaýew
(1935-2016 )



Orazdurdy Hojaýew 1935-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Kemine obasynda dünýä inýär. Ol orta mekdepde okaýarka, drama gurnagyna gatnaýar. Ol gurnakda goýulýan sahnalarda kiçiräk keşpleri ýerine ýetirip ugraýar. Mekdebiň drama gurnagynda Orazdurdy Hojaýewe «Keýmir körde» nökeriň keşbini, «Ýalta we zarpçy» atly oýunda zarpçynyň keşbini janlandyrmak miýesser edýär. Ol 1950-nji ýylda Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girip, ol ýerde pianino we dutar çalmagy öwrenýär. Ýörite orta mekdebi tamamlap, ol Mollanepes adyndaky türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň ýanyndaky studiýada okaýar. Ol teatrda tanymal sahna ussatlaryndan tälim alýar.
Orazdurdy Hojaýew 1954-nji ýylda teatr sungaty ugrundan bilimini artdyrmak üçin Daşkendiň A.N.Ostrowskiý adyndaky teatral çeperçilik institutyna okuwa girýär we ony 1959-njy ýylda tamamlaýar. Ýokary okuw mekdebini tamamlap, ol Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda zähmet ýoluna başlaýar. O.Hojaýew bu teatryň sahnasynda ilkinji gezek A.Gowşudowyň «Juma» atly taryhy dramasynyň gahrymany Garanyň keşbini janlandyrýar. Dramaturglar O.Myşşyýew bilen G.Batyrowyň sahna eseri esasynda «Birinji harman» atly spektaklda O.Hojaýewe Ahunyň keşbi ynanylýar. Şondan soň O.Hojaýewiň özi bu teatryň sahnasynda «Baba lakgy» atly spektakla režissýorlyk edip, tomaşa jaýynyň repertuaryny has-da baýlaşdyrýar.
Orazdurdy Hojaýew zähmet ýoluny türkmen telewideniýesinde utgaşykly dowam etdirýär. Ol telespektakllaryň birnäçesini taýýarlap, ekrana çykarýar. Olardan S.Kaýtowyň «Ene ýüregi», A.Möminowyň «Höküm güýjünde galýar», B.Gordonyň «Bir käse gara kofe», Ý.Mämmediýewiň hem-de özüniň awtorlyk etmeginde «Ter güller hakda ballada», E.I.Woýniçiň «Gögeýin», Ahmet han Abu Bekriň «Gar adam» atly teleoýunlaryny tomaşaçylaryň dykgatyna ýetirýär. Baba Annanowyň özbek dramaturgy A.Kahharyň eseri esasynda surata düşüren «Gitjek bolup gelemok» atly teleoýunda baş keşp bolan Galandarowyň keşbini döretdi.

Ol halypa artistler Tagan Saryýew, Akmyratn Bäşimow, Gurbannazar Atakgaýew, Myrat Nyýazow, Juma Ýazmyradow dagy bilen gysgajyk gülküli sahnalarda çykyş edip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başardy. Orazdurdy Hojaýew Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň dublýaž bölüminde terjimeçi bolup işledi. Onuň terjime eden çeper we dokumental hem-de multfilmleriniň sany 300-den geçýär. Ol milli kino sungatyny ösdürmekde hem öz goşandyny goşdy. Ol «Keçpelek» filminde Atowyň, «Şeýle-de bolýar» filminde Töräýewiň, «Aýal ata çykanda» filminde söwdagäriň, «Agyr ýük» filminde ferma müdiriniň, «Ýanýan arabanyň ýoly» filminde atlylaryň baştutanynyň keşplerinde, şeýle-de «Naýza» atly gülküli kino žurnalynyň ençemesinde ussatlarça çykyş edip, özüni tanymal kinoartisti hökmünde-de tanadýar.
Ussat artist hem režissýor Orazdurdy Hojaýewe medeniýetde we sungatda bitiren uly hyzmatlary üçin 1991-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», 2010-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlar dakylýar.