Çary MOMMADOW (1932-1997)


Çary MOMMADOW (1932-1997)



Çary Mommadow 1932-nji ýylyň maý aýynyň 4-inde Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň M.Amaşa obasynda eneden dogulýar. Ol drama aktýory, režissýor. Çary Mommadowa 1993-nji ýylda Türkmenistanyň at gazanan artisti diýen at berilýär.

1993-nji ýylda Ç.Mommadow Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr institutyny gutarýar. Okuwyny tamamlandan soň, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda drama artisti wezipesinde işläp başlaýar. Ç.Mommadow şol ýyllarda ýaş artist hökmünde teatryň sahnasynda goýlan «Mähri», «Mollanepes», «Oba gyzy», «Tupan», «Azatlygyň ilkinji güni», «Emiriň ilçisi», «Azaşan ýigit» «Kemine», «Duşmanlar» ýaly spektakllarda dürli häsiýetdäki keşpleri döredýär.

1967-nji ýyldan Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda baş režissýor wezipesinde işleýär. Ç.Mommadow bu teatryň sahnasynda B.Amanowyň «Keýmir kör», H.H.Nyýazynyň «Baý we batrak», B.Amanowyň «Kemine», N.Hojageldiýewiň «Duşmanyň syry», R.Sabyrowyň «Gyz badagy», T.Jumageldiýewiň «Gaçgak», T.Hojakgaýewiň «It gyrkýan hojaýyn», N.Geldiýewiň «Ýolbarsyň öýi», R.Sabyrowyň «Garaşylmadyk jeza» ýaly sahna oýunlaryny sahnalaşdyrýar.

Ol 1973–1974-nji ýyllarda Moskwanyň E.B.Wahtanow adyndaky akademiki drama teatrynda režissýor-stažýor bolup işledi.