Ýylgaý Durdyýew


Ýylgaý Durdyýew

(1934-1997)



Şahyr Ýylgaý Durdyýew 1934-nji ýylda Balkan welaýatynyň Bereket şäherinde dünýä inýär. Ol 1953-1958-nji ýyllar aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okap, ýokary bilim alýar.

Ýylgaý Durdyýew 1958-1962-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetiniň edebiýat bölüminiň müdiri bolup işleýär. 1962-1964-nji ýyllarda Aşgabatda aspiranturada okaýar. 1964-1965-nji ýyllarda «Tokmak» žurnalynyň gezme habarçysy, 1965-1968-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň redaktory, 1968-1970-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň edebi-drama gepleşikleri redaksiýasynyň baş redaktory, 1970-1972-nji ýyllarda «Edebiýat we sungat» gazetiniň kyssa bölüminiň müdiri, 1972-1974-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň günbatar etraplar boýunça edebi geňeşçisi, 1974-1975-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň Balkan welaýaty boýunça edebi geňeşçisi, 1975-1979-njy ýyllarda «Türkmenistan» neşirýatynyň baş redaktory, 1979-1983-nji ýyllarda öňki «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynyň kyssa bölüminiň esasy redaktory, publisistika bölüminiň redaktory, tankyt bölüminiň redaktory, 1983-1985-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýazyjylar birleşiginiň edebi geňeşçisi, 1985-1987-nji ýyllarda türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň repertuar-redaksion kollegiýasynyň baş redaktory wezipelerinde işledi. 1987-nji ýylyň 9-njy sentýabryndan pensiýa çykyp, ömrüniň ahyryna çenli döredijilik işinde boldy.

Şahyr Ýylgaý Durdyýewiň döreden eserleri yzygiderli okyjylara gowuşdy. 1959-njy ýylda «Gülälek», 1968-nji ýylda «Men güneşli ýurduň ogly», 1979-njy ýylda «Bizde goşgy okalanda», 1990-njy ýylda «Ymarat», 1993-nji ýylda «On iki süňňüm» atly goşgular kitaplary, 1967-nji ýylda «Ýaşyl yşyklar», 1972-nji ýylda «Eneş» atly kyssa eserleri «Türkmenistan» neşirýatynda neşir edildi. Şahyryň «Göz» atly romany, şeýle hem, «Teşnelik», «Daglar», «Ýolagçylar», «Hatyn» atly poemalary öňki «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda çap edilip, okyjylara ýetirildi. Ýylgaý Durdyýewiň «Hally gyz» atly sahna eseri 1979-njy ýylda Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda, «Gülkamar» atly sazly drama sahna eseri bolsa 1983-njy ýylda Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda sahnalaşdyrylyp, tomaşaçylara görkezildi. Şahyryň «Мы, молодые» atly rus diline terjime edilen goşgular ýygyndysy Moskwanyň «Молодая гвардия» neşirýatynda çap edildi. «Светлый мир» powesti bolsa 1993-nji ýylda «Magaryf» neşirýatynda çap edildi.

Ýylgaý Durdyýew 1992-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň halk ýazyjysy» diýen hormatly adyň, 1996-njy ýylyň 3-nji maýynda Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi boldy. 1996-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglandy. Şahyr Ý.Durdyýew filologiýa ylymlarynyň kandidatydyr.