Baýram ABDYLLAÝEW (1935-2013)


Baýram ABDYLLAÝEW (1935-2013)



Baýram Abdyllaýew Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mehinli obasynda 1935-nji ýylyň dekabr aýynyň 5-inde eneden dogulýar. Ol dramaturg, kyssaçy, sungaty öwreniji. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri (1992ý).
Baýram Abdyllaýew 1958-nji ýylda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili bölümini tamamlaýar. Ol 1960-njy ýyllaryň başynda edebi döredijilik bilen meşgullanyp başlaýar. Ýurdumyzyň merkezi gazet-žurnallarynyň sahypalarynda awtoryň oçerkleri, makalalary, hekaýalary, powestleri yzygiderli çap edilýär. B.Abdyllaýew drama žanrynda işläp, “Durnalar”, “Nusaýda”, “Garrylar”, “Sallahlar”, “Tereke”, “Grossmeýster”, “Başlygyň ogly”, “Garry pyşdylyň gülküsi”, “Ýegşerme goja, ýegşerme”, “Eneler ölmeýärler”, “Goja çynar” ýaly sahna eserlerini döredýär. Onuň “Durnalar”, “Başlygyň ogly” atly spektakllary ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatrynyň sahnasynda goýuldy. Şunlukda, onuň türkmen dramaturgiýasyna goşan goşandy hem bimöçberdir.
B.Abdyllaýewiň “Sallahlar” sahna eseri diňe bir Türkmenistanda däl-de, eýsem daşary ýurtlaryň teatrlarynda sahnalaşdyryldy. Türkmen kinosynda B.Abdyllaýewiň edebi esaslary esasynda 20-ä golaý dokumental film surata düşürildi. Şeýle hem onuň ýazan çeper edebi esaslary esasynda “Kerwen”, “Ýigit mydama ýigitdir”, “Bolan-goýan zat ýok”, “Gün yzyna gün”, “Grossmeýster” ýaly doly göwrümli çeper filmler-de surata düşürildi we olar kino tomaşaçylary tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. L.Stepanskaýa bilen bilelikde “Ata hem ogul”, “Burkut baba”, “Burkut babanyň yhlasy”, “Berç” çeper filmleri, “Jöwher zehinler”, “Kysmat”, “Uzaga çeken aýralyk” atly çeper-publisistik filmleri surata düşürildi. Sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty B.Abdyllaýew kino sungatynda ilkinji bolup, 1967-nji ýylda alymlyk derejesini aldy. Onuň ýeke özi kino sungatyny ylmy taýdan derňeýän, ony wagyz edýän “Türkmen edebiýaty ekranda”, “Sungata siňen ömür”, “Türkmen kinosy”, “Orta Aziýa klassikasy we ekran” atly kitaplary ýazdy. B.Abdyllaýew „Watana bolan söýgüsi üçin“ medaly (1996ý) bilen sylaglanyldy.