Nurgözel Nagdowa


Nurgözel Nagdowa
(1922-1991 )



Nurgözel Nagdowa 1922-nji ýylyň 1-nji maýynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda eneden dogulýar. N.Nagdowa 1939-njy ýylda şol wagt Gyzylarbatda, häzirki Serdar şäherinde hereket eden Aşgabat drama teatryna işe gelýär we bu jadyly sungata kökerilýär. Şol döwürde Gyzylarbat şäheri çeper höwesjeňler sungatynyň teatr gurnaklarynyň iň ösen ýerleriniň biridi. Teatra bolan uly höwesi Nurgözel Nagdowany 1939-njy ýylyň güýzünde ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatryna alyp gelýär. Onuň bu teatrda ilkinji ýerine ýetiren keşbi «Juma» atly spektaklyndaky Güldessäniň keşbi bolýar. 1941-nji ýylda döredijilik kömegini bermek maksady bilen, ýaňy tomaşaçylaryň gözüne ilip başlan Nurgözeli Marynyň Kemine adyndaky welaýat drama teatryna işe ýollaýarlar. Nurgözel tiz wagtdan bu teatryň söýgüli artistine öwrülýär. Ol şol teatryň sahnasynda ilkinji gezek «Watana söýgi» atly sahna eserinde Sadabyň keşbini ýerine ýetirýär. Şondan soň geljekki ussat artistiň döredijiligi has-da giňäp başlaýar. Ol teatrda görkezilen «Front» spektaklynda Kolýanyň, «Watanyň namysy» spektaklynda Natellanyň, «Lýubow Ýarowaýa» spektaklynda Lýubow Ýarowaýanyň, «Gang gyzy» spektaklynda Kamolanyň, «Kökenli ýüzük» spektaklynda Meňliniň, «Kim-kimi söýýär» spektaklynda Şekeriň, «Başlyk men» spektaklynda Weranyň, «Arzuw» spektaklynda Arzuwyň, «Söweşjeň dostlar» spektaklynda Lidanyň, «Söýgi we töhmet» spektaklynda Hurmanyň, «Men garry däl» spektaklynda Ejegyzyň, «Keýmir kör» spektaklynda Näzigiň, «Baý we batrak» spektaklynda Jemiläniň, «Ýarty gulak» spektaklynda Ýarty gulagyň, «Gijigen söýgi» spektaklynda Lýudmilanyň, «Horezmin» spektaklynda Sähranyň, «Rus adamlary» spektaklynda Walýanyň, «Yşk mülküniň şasy» spektaklynda Gülzadanyň, «Arşin mal alan» spektaklynda daýzanyň, «Allan aganyň maşgalasy» spektaklynda Ýazgülüň keşplerini ýerine ýetirýär. Ol Kemine adyndaky drama teatrynda 1969-njy ýyla çenli zähmet çekýär. Sungata teşne ussat artist öz hünärini şu ýyllaryň içinde birkemsiz ele aldy. Tas 30 ýylyň içinde, Kemine teatrynyň sahnasy Nurgözel Nagdowanyň döreden keşpleri bilen bezeldi.
Nurgözel Nagdowanyň döredijiligi köptaraply bolýar. Ol söýgi-liriki keşpleriň-de, häsiýetli we gülküli keşpleriňde ussady boldy.
Nurgözel Nagdowa sahnada diňe bir özüne ýakyn türkmen zenanlarynyň däl, eýsem dürli milletden bolan, ajaýyp ykbally zenanlaryň-da keşplerini ussatlyk bilen şekillendirdi. Şeýle keşpleriň arasynda N.A.Ostrowskiniň «Gijigen söýgüsindäki» Lýudmilany yhlas bilen janlandyrýar.
N. Nagdowa şöhrat getiren keşpleriniň ýene biri-de, R.Tagoryň «Puja çykmak» romany esasynda sahnalaşdyrylan «Gang gyzy» spektaklydyr. Gündogar zenanynyň durmuş we ruhy göterilişini teswirleýän bu spektakl teatryň taryhynda öçmejek yz galdyrdy. Režissýor Ç.Myradowyň hemaýaty bilen sada, näzik çepiksije Komolanyň başdan geçirýän hasraty onuň aň-düşünjesini üýtgedýär. Öz ykbaly, mertebesi üçin köne urp-adat bilen söweşe girýär.
1969-njy ýylda ol öňki Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň sahnasyna çykýar. Artist zenany Mollanepesiň agzybir döredijilik topary gujak açyp garşy alýar. Uly zehiniň, bimöçber ussatlygyň, beýik adamkärçiligiň eýesi bolan Nurgözel Nagdowa hyruç bilen, yhlas bilen bu teatra, hemişekisi ýaly ak ýürekden hyzmat edýär. Ol bu teatryň sahnasynda «Gara almaz» spektaklynda Zeýnebiň, «Ret bol, ýarag» spektaklynda Miss Wan-Kampeniň keşplerini döredýär. Onuň döredijiliginiň örüsi giň, ol pajygaly ýa-da gülküli bolsun, dürli taraply gahrymanlary janlandyrmagyň hötdesinden gelmegi başarýan artist hökmünde tanaldy. Ol haýsy keşbi oýnasa-da, öz gahrymanlarynyň gözel görküni wasp edýär.

Nurgözel Nagdowanyň türkmen teatr sungatyny ösdürmekde, kämilleşdirmekde goşan goşantlary göz öňünde tutulyp, ol 1944-nji, 1945-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanýar. 1958-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 1964-nji ýylda bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlara eýe bolýar.