Geldi SEÝDIÝEW (1940–1995)
Geldi Seýdiýew 1940-njy ýylyň noýabr aýynyň 9-ynda Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Arçman şäherçesinde eneden dogulýar. Ol teatr režissýory. G.Seýdiýew 1964-nji ýylda Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatr-çeperçilik sungaty institutyny tamamlady. Soňra 1970-nji ýylda Moskwanyň Ý.Wahtangow adyndaky döwlet akademiki teatrynyň ýanyndaky B.Şukin adyndaky teatr institutynyň režissura bölümini gutardy.
G.Seýdiýew ýaş tomaşaçylar teatrynda zähmet ýoluna başlaýar. Ol işe başlan gününden režissýor hökmünde türkmen we daşary ýurtly dramaturglaryň sahna eserlerini sahnalaşdyrmaga girişýär. Ol Ýaş tomaşaçylar teatrynyň sahnasynda M.Maşadowyň «Sogan ogurlygy» spektaklyny diplom işi hökmünde tomaşaçylara hödürleýär. Ol teatrda dramaturglar A.Mämiliýewiň «Söýgi duralgasy», B.Suhanowyň «Ýüregiň emri», «Täze öý», G.Muhtarowyň «Şeýtan zürýatlary», A.Agabaýewiň «Bir görlen tanyş», S.Myradowyň «Magtymguly» ýaly sahna eserlerini sahnalaşdyrýar. Bu spektakllar tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyp, uzak ýyllar teatr sahnasynyň özboluşly bezegine öwrülýär. Dramaturg A.Agabaýewiň «Bir görlen tanyş» atly spektaklynda baş keşpleri janlandyran halypa artistlerimiz S.Ataýewa, A.Gurbandurdyýew Magtymguly adyndaky halkara baýragyna mynasyp boldy (1985). G.Seýdiýewiň sahnalaşdyran, uzak ýyllaryň dowamynda tomaşaçylara görkezilen spektakllarynyň biri-de ispan dramaturgy F.G.Lorkanyň «Bernarda Albanyň öýi» atly dramasydyr. Spektaklda öz döwründe milli teatr sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan S.Myradowa, F.Alyýewa, Ý.Garaýewa, G.Aşyrowa ýaly artistlerimiz baş gahrymanlaryň keşplerini ussatlarça janlandyrmagy başardylar. G.Seýdiýew kino sungatynda hem güýjüni synap, tanymal kino ussatlarymyz tarapyndan dürli ýyllarda surata düşürilen «Mukamyň syry», «Ýaşlygymyň dessany», «Öz obamyň adamlary», «Mollanepes», «Ene toprak» ýaly çeper filmlerde ýatda galyjy keşpleri döretdi. G.Seýdiýew ozalky Alty Garlyýew adyndaky «Türkmenfilm» kinostudiýasynyň terjime bölüminde işlän ýyllary daşary ýurtlaryň çeper filmlerini türkmen diline terjime etmekde-de köp işleri etdi. Artist hökmünde G.Seýdiýew A.Mämiliýew bilen B.Suhanowyň «Sen meniň ömrüm» oýnunda Şagulynyň, M.Gurbangylyjowyň «Güýç» oýnunda Näzigiň doganynyň keşplerini ýerine ýetirdi.