Goşa Japarow


Goşa Japarow
(1924-2000 )



Goşa Japarow 1924-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Abadan etrabynyň Büzmeýin obasynda eneden dogulýar. Ol başlangyç bilimi Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Köşi obasyndaky çagalar internadynda alýar. Şol wagtlarda Aşgabatda ozalky Leningradyň Horeografiýa ýörite okuw mekdebine okuwa kabul edilýär. Soňra ol 1934-nji ýylda ozalky Leningrdayň A.Ý.Waganowa adyndaky döwlet akademiki balet mekdebine okuwa girýär. Ol bu okuw mekdebiniň soňky ýylynda okaýarka, M.Ý.Lermontowyň «Biziň zamanamyzyň gahrymany» diýen balet sahna oýnunda Kazbiçiň partiýasyny ýerine ýetirýär. Bu spektakl Leningradyň S.M.Kirow adyndaky akademiki opera we balet teatrynda görkezilýär. Goşa Japarow 1941-nji ýylda bu okuw mekdebinde horeografiýa we artistçilik bilimi bilen birlikde mugallymçylyk we baletmeýstrlik endiklerini hem-de umumy teatr medeniýetini öwrenip, Aşgabada gaýdyp gelýär Ol ilki Aşgabatda döredilen Türkmen döwlet sazçylyk teatrynda, soňra şol teatryň çygrynda döredilen Türkmen döwlet opera we balet teatrynda tansçy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Ol 1941-nji ýylda teatryň sahnasynda goýlan «Balet agşamy» atly horegrafik konsertde-spektaklda nusgawy we özboluşly tanslary ussatlarça ýerine ýetirýär.
G.Japarow köp spektakllardyr konsertlere gatnaşýar. Ol 1946-njy ýylda Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungat institutynyň baletmeýstrçilik bölümine okuwa ugradylýar. Ol bu ýokary okuw mekdebiniň baletmeýstrlik bölüminde SSSR-iň halk artisti R.Zaharowyň ussahanasynda tälim aldy. Ol 1951-nji ýylda özüniň diplom işi hökmünde R.Glieriň «Gyzyl gülälek» atly baletini goýdy. Ol baleti tomaşaçylar uly höwes bilen garşy aldylar. Soňra ozalky Magtymguly adyndaky opera we balet teatry R.Glieriň «Gyzyl gülälek» atly spektakl-baleti bilen öz repertuarynyň üstüni ýetirdi.
Baletmeýstr G.Japarowyň, dirižýor H.Allanurowyň ýolbaşçylygy astynda teatryň artistleriniň döredijilikli işlemekleri netijesinde, rus nusgawy baleti bolan «Guw köli» türkmen teatrynyň sahnasynda üstünlikli goýulýar. G.Japarow ilkinji türkmen baleti «Aldar kösäni» täze redaksiýada sahnada goýdy we bu sahna oýnunda Merediň keşbini döretdi. «Akpamyk» baletiniň librettosyny ýazdy we ony sahnalaşdyrdy. Özi baletiň baş gahrymany bolup oýnady. Ol gülküli sahna oýnuny döretmek bilen, köpçülikleýin sahnalara we tanslara uly üns berýär. Şatlykly «Aldar köse» baleti saz dramaturgiýasynyň we režissurasynyň gowulanmagy, özüniň aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Teatrda işlän döwründe G.Japarow «Bakjasaraý çüwdürimi» baletinde Waslawyň gyzykly keşplerini döretdi. Mundan başga-da, ol 1945-nji ýylda «Akpamyk» baletiniň (librettosy özüniňki) goýmak bilen baletmeýster-düzüji hökmünde-de çykyş etdi. Şol mahalda ol Türkmen döwlet opera we balet teatrynda P.I.Çaýkowskiniň «Guw köli», K.Koçmarýewyň «Aldar köse», A.Adanyň «Žizel», «Korsar», M.Rawiç bilen N.Muhadowyň «Täsin tebip» ýaly baletleriniň ençemesini sahnalaşdyryp, tomaşaçylara hödürleýär.
Şahyr K.Gurbannepesowyň «Gumdan tapylan ýürek» poemasy esasynda goýan baleti hem şowly çykyp, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Kompozitor A.Kulyýewiň sazyna goýlan oýnuň horeografiýasy hem özüniňki bolýar. «Çopan ogly», «Ilkinji ekzamen», «Aşyr aganyň hötjetligi», «Şasenem-Garyp», «Gara kerwen» ýaly filmlerindäki, şonuň ýaly-da «Şasenem-Garyp», «Zöhre-Tahyr», «Leýli-Mejnun», «Aýna», «Magtymguly» ýaly operalardaky tanslary hem Goşa Japarow goýýar. Şeýle hem, G.Japarow «Çopanyň ogly», «Ilkinji ekzamen», «Aşyr aganyň hötjetligi», «Şasenem-Garyp», «Gara kerwen» diýen kinofilmlerdäki tanslary goýýar. Ol bulardan başga-da köpçülikleýin «Gülle, ýaşlyk», «Çal, dutarym» ýaly tans sýutalaryny-da düzüp, ýerine ýetirilmegine ýolbaşçylyk edýär. Onuň tagallasy hem-de özüniň gatnaşmagy bilen, diýarymyzyň köp ýerlerinde tans ansambllary döredilýär we ol ýurdumyzyň tans sungatynyň ösmegine we kämilleşmegine uly goşant goşdy. Goşa Japarow 1957-nji ýylda Moskwada geçirilen VI Halkara festiwalyna gatnaşýan 300 adamdan ybarat döredijlik topary üçin «Gülle ýaşlyk» atly türkmen tans sýutasyny goýýar. Şeýle hem ol 1970-1980-nji ýyllarda Lebap welaýatynyň Kerki, Halaç, Saýat etraplarynda, Mary welaýatynyň Türkmengala we Mary etraplarynda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda halk tans ansambllarynyň döredilmegine gatnaşýar.
«Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan opera we balet teatrynyň düýbüni tutujylaryň biri bolan Goşa Japarowyň ýurdumyzda tansdyr balet sungatyny ösdürmekde gazanan üstünlikleri, durmuş ýoly barada gürrüň berýän «Goşa» diýen dokumental film surata düşürilýär.
Ol ilkinji professional tansçylaryň biridir, horeograf we baletmeýstrdir.
Ýurdumyzda milli tans we balet sungatymyzy ösdürmekde uly iş bitirendigi üçin Goşa Japarow 1955-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1995-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent ada mynasyp bolýar.